Türkmenistan Türkiýe Respublikasyna öz goldawyny beýan etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugyndan berilen Beýannamada şeýle diýilýär

530531
Türkmenistan Türkiýe Respublikasyna öz goldawyny beýan etdi

Türkmenistan Türkiýe Respublikasyna öz goldawyny beýan etdi

Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada aýdylýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugyndan berilen Beýannamada şeýle diýilýär:

“Harby agdarlyşyk synanşygy barada Türkiýe Respublikasyndan gelip gowşan habarlar Türkmenistanda uly alada döretdi.

            Şol sebäpli Türkmenistanyň döwlet Baştutany türk halkyna we Türkiýe döwletine öz goldawyny beýan etdi. Şeýle-de Türkiýede durnuklylygyň ýaňadandan dikeldiljekligine doly ynam bildirdi.

            Türkmenistanyň döwlet Baştutany taryhy we doganlyk gatnaşyklaryna eye bolan Türkiýe Respublikasynda başdan geçirilen wakalar bilen ýakyndan gyzyklanmak hem-de ýurtdaky şertler barada ýurduň ýolbaşçylygyna wagtly wagtynda maglumat bermek barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine görkezme berdi.

            Şeyle hem Türkmenistandaky Türkiye Respublikasynyň raýatlaryna ynsanperwer meseleleriň çözülmegi boýunça ähli kömegiň berilmegi tabşyryldy.”

 

 



Degişli Habarlar