Ýygyndy toparymyzyň “Aziýanyň çagalary” halkara oýunlaryndaky altyn medaly - erkin göreş

7-nji iýulda Ýakutsk şäheriniň “Triumf” sport taýýarlyk merkezinde erkin göreş boýunça ýaryşlar geçirildi, şol ýerde Türkmenistanyň toparynyň wekili Zyýamuhammet Saparow 85 kilogram agramlyk derejesinde birinji orna mynasyp boldy

525904
Ýygyndy toparymyzyň “Aziýanyň çagalary” halkara oýunlaryndaky altyn medaly - erkin göreş

“Aziýanyň çagalary” VI Halkara oýunlarynda ol ýarym finalda gazagystanly türgen Sowet Abylaýdan, finalda bolsa russiýaly Lambert Haronowdan üstün çykdy.

Umuman, Türkmenistanyň ýygyndysynyň 60-dan gowrak türgeni bu oýunlarda sportuň 9 görnüşi boýunça ýaryşlara, şol sanda başa-baş söweşiň thekwondo, boks, sambo, dzýudo ýaly görnüşlerine gatnaşýarlar. Olar bu ýaryşlarda hem altyn medal ugrunda göreşerler. Suwda ýüzmek, küşt we ýeňil atletika görnüşlerinde hem zehinli ýaşlar bar.

“Aziýanyň çagalary” atly VI Halkara oýunlaryna hyzmat etmek üçin sport göreşi boýunça emin hökmünde ildeşimiz – halkara derejeli emin Aman Geldiýew çagyryldy.

Halkara sport ýaryşlarynda guramaçylyk babatda iş tejribesini toplamak üçin Ýakutsk şäherine geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň wekilleri hem geldiler. Şeýle hem ýaryşlara türkmen meýletinçi talyplarynyň 25-si hyzmat edýär. (TDH)



Degişli Habarlar