Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nabi Awjy DKTR-da saparda bolýar

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nabi Awjy DKTR-da saparda bolýar

515946
Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nabi Awjy DKTR-da saparda bolýar

Ministr Awjy saparynyň çäginde ilki Prezident Mustafa Akynjy tarapyndan Prezident köşgünde kabul edildi.

Kabul edilşige Türkiýäniň DKTR-daky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Derýa Kanbaý bilen DKTR-nyň Medeniýet we daşky gurşaw ministri Fikri Ataogly hem gatnaşdy.

Ministr Awjy soň bolsa Jemhuriýet mejlisiniň başlygy Sibel Siber bilen duşuşdy.

Awjy Medeniýet we syýahatçylyk ministri hökmünde ilkinji resmi saparyny DKTR-na guraýandygyny we Kiprde saparda bolmakdan hoşaldygyny aýtdy.

Saparynyň çäginde DKTR bilen Türkiýäniň arasynda bilelikdäki iş meýilnamasyny taýarlandyklaryny nygtan Awjy, iki ýurduň arasynda medeniýet we syýahatçylyk pudagynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edip biljekdiklerini ýatlatdy.

Mejlisiň başlygy Siber Sibel hem iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalanmak bilen dowam etjekdigini nygtady.

Sibel Siber Kipriň syýahatçylyk adasydygyna ünsi çekdi.



Degişli Habarlar