Liderler Kiprde dowam edýän gepleşikleriň çäginde ara zolakda duşuşdy

DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy bilen Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis Kiprde dowam edýän gepleşikleriň çäginde ara zolakda duşuşdy

513312
Liderler Kiprde dowam edýän gepleşikleriň çäginde ara zolakda duşuşdy

Duşuşyga BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça ýörite wekili Elizabet  Spehar, DKTR-nyň adyndan gepleşikleri alyp baryjy Özdil Nami bilen Kipriň grek böleginiň adyndan gepleşikleri alyp baryjy Andreas Mawroýannis gatnaşdy.

DKTR-nyň Prezidenti Akynjy duşuşykdan soň beren beýanatynda Kipriň grek böleginiň lideri Anastasiadis bilen federal ygtyýarlar hakynda pikir alyşandyklaryny aýtdy.

Prezident Akynjy gepleşiklerde ynamy güýçlendiriji çäreleriň çäginde Derinýa we Aplyç gümrük geçelgeleriniň açylmagy etabynyň depgininiň güýçlendirilmegi meselesiniň hem seljerlendigini belledi

Kipriň grek böleginiň “Orta ýer deňzinden çykaryljak tebigy çeşmeleriň girdejisiniň bir böleginiň çözgüt etabynda ulanylyp bilinjekdigi” hakynda beýanat berendigine ünsi çeken Prezident Akynjy, Gündogar Orta ýer deňzindäki tebigy çeşmeleriň diňe Kipr üçin däl eýsem tutuş sebit üçin möhümdigini we uly dartgynlyga sebäp bolup biljekdigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar