Azerbaýjanyň garaşsyzlygynyň 98 ýyllygy Ankarada bellenilip geçildi

Aragatnaşyk ministri Ahmet Arslan hem Baku-Tiblisi-Kars demir ýol liniýasynyň täze ýylda hyzmada açyljakdygyny aýtdy

499377
Azerbaýjanyň garaşsyzlygynyň 98 ýyllygy Ankarada bellenilip geçildi

Azerbaýjanyň Ankaradaky ilçihanasy tarapyndan berlen bankede Türkiýäniň adyndan Wise-premýer Turgul Türkeş, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji, Aragatnaşyk ministri Ahmet Arslan bilen birlikde daşary ýurtly diplomatlar gatnaşdy.

Wise-premýer Turgul Türkeş Türkiýäniň Ýokary Garabag front liniýasy, Ermenistan-Azerbaýjan serhedinde geçen aýyň başynda bolan çaknyşyklar bilen ýakyndan gyzyklanandygyny nygtady.

Türkeş; “Azerbaýjanyň territorial bitewiligi we özbaşdaklygy biziň üçin diýseň möhüm. Biz Azerbaýjanyň bitewiligine goldaw bermäge dowam ederis. Türk halky azerbaýjanly doganlaryna goldaw bermäge dowam eder”diýdi.

Aragatnaşyk ministri Ahmet Arslan hem Baku-Tiblisi-Kars demir ýol liniýasynyň täze ýylda hyzmada açyljakdygyny aýtdy.

Ministr Arslan 2017-nji ýylda hyzmada açyljak demir ýol liniýasynyň söwda hem-de ykdysady gatnaşyklaryň has-da ösmegine itergi berjekdigini aýratyn belledi.



Degişli Habarlar