Ilham Aliýew bilen Serž Sarkisýan şu gün Wenada duşuşar

Iki lider Daglyk Garabag temaly maslahatda duşuşar

491853
Ilham Aliýew bilen Serž Sarkisýan şu gün Wenada duşuşar

Azerbaýjanyň Prezdenti Ilham Aliýew bilen Ermenistanyň Prezidenti Serž Sarkisýan şu gün Wenada Ýewropada Howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Minsk toparlarynyň egindeş baştutanlary bilen Daglyk Garabag temaly maslahatda duşuşar.

ABŞ-dan, Russiýadan we Fransiýadan ybarat Minsk topary, Daglyk Garabag meselesiniň çözülmegi üçin soňky gezek dekabr aýynda Şweýsariýada duşuşan Aliýew bilen Sarkisýany ýaňadandan duşuşdyrýar.

Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň geçen aý basyp alyşlyk astyndaky Daglyk Garagdaky ýerlerinden Azerbaýjanda asuda ilatyň ýaşaýan ýerlerine ot açmagy sebäpli Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri 2-nji aprelde front liniýasynda garşy hüjüme başlapdy.

Çaknyşyklarda iki ýurt hem ýitgi çekdi.

Azerbaýjanyň käbir strategik ýerleriň gözegçiligini ele geçirmegi sebäpli taraplar 5-nji aprelde çaknyşyklaryň bes edilmegi meselesinde ylalaşyk gazandy.

Şol ylalaşykdan soň hem agyr ýaraglar bilen guralan hüjümlerde Azerbaýjanda asuda ilatdan 6 adam ýogaldy, 26 adam ýaralandy.

 



Degişli Habarlar