Ermenistan Azerbaýjanyň Terter welaýatyny nyşana aldy

Ermenistanyň Ýaragly güýçleri Azerbaýjanyň Terter welaýatynyň Gazýan obasyna gaubisalar bilen od açdy

490514
Ermenistan Azerbaýjanyň Terter welaýatyny nyşana aldy

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi Ermenistanyň goşunynyň ýerli wagt bilen sagat 18:20-den başlap Terter welaýatynyň Gazýan obasyny 120 mm gaubisa toplary bilen nyaşana alyp hüjüm gurandygyny habar berdi.

Ministrlik Azerbaýjanyň ermeni güýçlerine zarba urandygyny, gaýtalanyp biljek şuňa meňzeş wakalaryň jogapkäriniň Ermenistanyň harby we syýasy ýolbaşçylarynyň boljakdygyny nygtady.

Ermenistanyň Ýaragly güýçleriniň geçen aý guran hüjümlerinde Azerbaýjan tarapyndan asuda ilatdan 6 adam ýogaldy, 26 adam bolsa ýaralandy.

Hüjümlerde 445 ýaşaýyş jaýyna, 5 mekdebe, 2 saglyk öýüne we 2 çagalar bagyna zeper ýetdi.

Ermenistan guran hüjümlerinde halkara ylalaşyklarda gadagan edilen kassetaly bomba we ak fosforly ok ulanylandygy resmi Bakuw tarapyndan bellendi.



Degişli Habarlar