Özbegistanda süýşgün sebäpli 5 adam ýogaldy

Gözleg we halas ediş toparlary ulaglardaky 6 adamy halas etdi, 5 adamyň bolsa jesedini çykardy

484628
Özbegistanda süýşgün sebäpli 5 adam ýogaldy

Özbegistanyň gündogarynda ýerleşýän  Kamçyk dag geçelgesinde süýşgün sebäpli 5 adam ýogaldy.

Gyssagly ýagdaýlar ministrligi tarapyndan berlen beýanatda ýurduň gündogarynda ýerleşýan Fergana jülgesini beýleki welaýatlar bilen birleşdirýän Kamçyk dag geçelgesinde  bolan süýşgünde 13 müň metr kupdan gowrak topragyň gara ýoluna süýşendigi nygtaldy.

Süýşgünde 2 ulag harabalygyň aşagynda galdy.

Gözleg we halas ediş toparlary ulaglardaky 6 adamy halas etdi, 5 adamyň bolsa jesedini çykardy.

Kamçyk geçelgesinden Fargana, Namangan we Andijan welaýatlaryny ýurduň beýleki welaýatlary bilen birleşdirýän ýeke-täk gara ýoly geçýär.

Geçelgede ýygy-ýygydan başdan geçirilýän süýşgünler sebäpli birnäçe adam ýogalýar.



Degişli Habarlar