Prezident Erdogan Bakuwa bardy

Prezident R.T.Erdogan BMG-niň Medeniýetleriň Arkalaşygynyň 7-nji Global forumynyň çäginde Bakuwa baryp, Prezident İlham Aliýew bilen duşuşdy

478079
Prezident Erdogan Bakuwa bardy

Erdogan we Aliýew Zagulbadaky Prezident köşkünde bolan duşuşykda iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan dostlukly hem-de doganlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda üstünlikli ösmegine kanagatlanma bildirdiler.

Ýokary derejeli duşuşyklaryň gatnaşyklaryň ösmegi taýdan uly ähmiýete eýedigini nygtan liderler, gatnaşyklaryň mundan beýlak hem ösjekdigine ynam bildirdiler.

BMG-niň Medeniýetleriň Arkalaşygynyň 7-nji Global forumy barada pikir alyşylan duşuşykda, bu çäräniň halkara hyzmatdaşlygyna goşant goşjakdygy bellenilip geçildi.

Erdogan we Aliýew Türkiýe bilen Azerbaýjan tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýän Trans Anadoly tebigy gaz göteriji taslamasynyň başda durmagynda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň depgininiň ýokarlandyrylmagy bilen Daglyk Garabagda başdan geçirilýän soňky wakalar barada pikir alyşyp, “bir millet iki döwlet” ýörelgesine ünsi çekdiler.

Aliýew özara duşuşykdan soň Erdoganyň hormatyna agşam naharyny berdi. Prezident R.T.Erdogan we aýaly Emine Erdogan bilen Aliýewiň aýaly Mähriban Aliýewanyň gatnaşmagyndaky nahar 1,5 sagada golaý dowam etdi.



Degişli Habarlar