Türkiýe öz doganlaryna eýe çykmagyny dowam etdirýär...

Ukrainadaky ahyska türkleriniň 3-nji tapgyry 14-nji aprelde Erzinjan welaýatyna getiriler

466630
Türkiýe öz doganlaryna eýe çykmagyny dowam etdirýär...

172 maşgaladan ybarat bolan bu topar Köpçülikleýin ýaşaýyş jaý gurluşygy edarasy TOKI tarapyndan gurulan ýaşaýyş jaýlaryna ýerleşdiriler.

Ozal Erzinjanyň Üzümli etrabyna ýerleşdirilen 151 maşgaladan 824 adamdan ybarat bolan ahyska türkleri täze durmuşlaryna öwrenişdiler.

Döwlet guramalary etraba ýerleşdirilen ahyska türklerine goldaw berýär.

Işläp biljek ýagdaýdakylar iş bilen üpjün edilýär.

Okuwçylar bolsa mekdeplere ýerleşdirilip bilim almaklaryny dowam etdirýärler.



Degişli Habarlar