Front liniýasynda çaknyşyklar bes edildi

Front liniýasynda Azerbaýjanyň we Ermenistanyň goşunlarynyň arasyndaky operasiýalar duzduryldy

465218
Front liniýasynda çaknyşyklar bes edildi

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi ýerli wagt bilen sagat 12:00-dan başlap Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasyndaky operasiýalaryň öz razyçylyklary bilen bes edilendigini mälim etdi.

Beýanatda Azerbaýjanyň Ýaragly güýçleriniň ele salan ýerlerindäki goranyşyň güýçlendirilmeginiň dowam etdirilýändigini habar berdi.

Karabagyň Goranmak ministrligi Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda dowam edýän Daglyk Garabag çaknyşyklarynda od açmazlyk barada karar kabul edendiklerini we Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň bu babatyndaky pikirler barada maglumatlarynyň ýokdygyny belläpdi.

Beýleki tarapdan bolsa Azeri Press agentliginiň habaryna görä ermeni güýçleri front liniýasynyň golaýyndaky ýaşaýyş ýerlerini nyşana alyp guraýan hüjümlerini şu gün hem dowam etdirdi.

Ermeni güýçleri tarapyndan atylan topuň okunyň Terter sebitiniň Hasankaýa obasyndaky öýleriň birine degmegi netijesinde azerbaýjanly 1 adam ýogaldy.



Degişli Habarlar