Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine we gelin-gyzlaryna

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine we gelin-gyzlaryna

446945
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine we gelin-gyzlaryna

Sizi tebigatyň täzeden janlanýan, has-da gözelleşýän bahar paslynda giňden bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Halkara zenanlar gününiň ýaşyl begrese beslenen bahar paslynyň ilkinji günlerinde baýram edilmegi tebigatyň bahar paslyndaky gözelligi bilen ähli zenanlaryň nuranalygynyň, mylaýymlygynyň, mähremliginiň hem-de bahar gülleri ýaly gözelliginiň sazlaşygyny emele getirýär. Goý, bu özboluşly halkara baýramynyň şanyna geçiriljek dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri mähriban enelerimiz, eziz uýalarymyz we gelin-gyzlarymyz, siziň kalbyňyzda şatlykly duýgulary, tolgundyryjy pursatlary, unudylmajak täsirleri galdyrsyn!

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Halkara zenanlar gününiň dabaralary aýratyn many-mazmuna we joşguna eye bolýar. Milli mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde, baýlaşdyrmakda, wagyz etmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde gelin-gyzlarymyzyň hyzmaty örän uludyr. Olaryň döredýän ajaýyp sungat eserleri dünýä sungatynyň genji-hazynasydyr, deňsiz-taýsyz gymmatlygydyr. Zenanlarymyzyň döredýän eserlerini, Turkmen halylaryny, keşdelerini we beýleki el işlerini göreniňde, olaryň ruhy dünýäsiniň baýlygy, köňül arzuwlarynyň gözelligi, ýürekleriniň joşgunlylygy aýdyň görünýär.

Turkmen milli şaý-seplerinde, gelin-gyzlary wasp edýän sungat eserlerimizde durmuşyň gül-gunçalary hasaplanýan zenanlarymyzyň mertebesine halkymyzyň goýýan aýratyn hormaty öz beýanyny tapýar.

Hormatly zenanlar!

Turkmen halkynyň baýdak ýaly gelin-gyzlarymyza goýýan sarpasy, jemgyýetimizde zenan mertebesi hemişe belentdir. Döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda zenanlarymyzyň tutýan orny örän uludyr. Bagtyýar gelin-gyzlarymyz häzirki döwürde döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, aýratyn hem ylym, bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda milli we döwlet maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda yhlasly we netijeli zähmet çekýärler.

Zenanlaryň kanuny bähbitlerini, hukuklaryny goramak, olary döwlet tarapyndan ýeňillikler bilen üpjün etmek türkmen jemgyýetini durnukly ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri hasaplanylýar. Zenanlaryň erkana ýaşamagy we işlemegi, bilim almagy, hünär öwrenmegi, perzentlerini döwrebap terbiýelemegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.

«Zenan kalby» ordeniniň, «Ene mähri» diýen hormatly adyň döredilmegi, bu döwlet sylaglary bilen beýik özgertmelerimizi we iri möçberli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan uly üstünlikleri, eziz Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge asylly goşantlary üçin her ýylda zenanlarymyzyň sylaglanylmagy hem bizi örän guwandyrýar.

Eziz eneler! Mähriban gelin-gyzlar!

Dana ata-babalarymyz «Atadan ogla miras, eneden - gyza», «Oglan - ata, gyz - enä» diýen ýaly pähimleriň üsti bilen maşgalada, nesil terbiýesinde mähriban eneleriň ornuna uly ähmiýet beripdirler. Zenan öý-ojagyň bagtydyr. Enäniň ynamy, söýgüsi, ak patasy, her bir sözi kerem-keramatdyr. Giň dünýägaraýyşly, watançy, ahlak taýdan arassa nesilleri terbiýelemekde zenanlarymyzyň paýy uludyr. Mähriban enelerimiz maşgala qjaklaryna guwanyp, ýaş nesli milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmak, däp-dessurlarymyza, asylly ýörelgelerimize eýermek ruhunda terbiýeleýärler.

Olar kämillik mekdebi, jemgyýetimiziň öňbaşçylary bolup, ýaşlara görelde görkezýärler, wagyz-nesihat işlerine gatnaşýarlar. Olaryň hoş sözleri, güler ýüzleri, alkyşlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň uly rowaçlyklarynyň gözbaşydyr.

Mähriban eneler! Hormatly gelin-gyzlar!

Sizi bahar gözelliklerine beslenip gelen, mähriban zenanlarymyza çäksiz buýsanjymyzyň, sylag-hormatymyzyň nyşany bolan Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Goý, siziň güler ýüzüňiz hiç wagt solmasyn, durmuşyňyz mähirden, söýgüden, şatlykdan, bagtdan doly bolsun!



Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow (TDH



Degişli Habarlar