Türkiýe Hojaly gyrgynçylygyny ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Hojaly gyrgynçylygynyň 24-nji ýyllygy mynasybetli çap eden bildirişinde gyrgynçylygy we dowam edýän gabawy ýazgardy

439822
Türkiýe Hojaly gyrgynçylygyny ýazgardy

Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda 1992-nji ýylyň 26-njy fewralynda Azerbaýjanyň Ýokary Karabag sebitinde ýerleşýän Hojaly şäherinde guralan hüjümde ýogalanlar ýatladyldy. Beýanatda: “Türkiýe hökmünde azerbajnaly doganlarymyzyň bundan 24 ýyl ozal Hojalyda hyýanatçylykly öldürilmegini we gyrgynçylygy hemişe ýüregimiz bilen duýduk, şol ajyny bilelikde paýlaşýarys" diýilýär.

Beýanatda: “Ermenistanyň goşuny tarapyndan guralan şol gyrgynçylygy we Azerbaýjan topraklarynyň ençeme ýyl bäri dowam edýän basyp alyjylygyny berk ýazgarýarys" diýilýär.

Ermenistan Respublikasynyň ýaragly toparlary tarapyndan 1992-nji ýylyň 26-njy fewralynda Azerbaýjanyň Ýokary Karabag sebitiniň Hojaly şäherine guralan hüjümde 106-sy zenan, 63-si çaga we 70-si garry bolan 613 azarbeýjanly öldürildi. 76-sy çaga bolan 487 adam ýaralandy, 1275 adam bolsa zamun alyndy. Şolaryň 150-den bolsa hiç hili habar alynyp bilinmedi.



Degişli Habarlar