Liderler ýaňadandan duşuşar

Mustafa Akynjy bilen Nikos Anastasiadis Kipr gepleşikleriniň çäginde şu gün ýaňadandan duşuşar

431546
Liderler ýaňadandan duşuşar


Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Mustafa Akynjy bilen Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis Kipr gepleşikleriniň çäginde şu gün ýaňadandan duşuşar.

Duşuşyga iki tarapyň adyndan gepleşikleri alyp baryjylar bilen birlikde BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça ýörite geňeşçisi Espen Bart Aýdeniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

BMG-nyň gözegçiligi astyndaky ara zolakda boljak duşuşykda emlak we dolanşyk meseleleri seljerler.

8-nji fewralda geçirilmegi meýilleşdirlen liderler gepleşigi taýarlyklaryň doly tamamlanmandygy sebäpli yza süýşürlipdi.


Etiketkalar: #DKTR , #Mustafa Akynjy , #liderler , #BMG

Degişli Habarlar