Prezident R. T. Erdogan Aşgabada bardy

Erdogan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna guralýan ýokary derejedäki Halkara maslahatyna gatnaşar

406812
Prezident R. T. Erdogan Aşgabada bardy

Prezident R. T. Erdogan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna guralýan ýokary derejedäki Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gitdi.
Düýn agşamara Aşgabada giden Prezident Erdogany Aşgabadyň howa menzilinde Ministrler kabinetiniň başlygynyň oba hojalykdan jogapkär orunbasary Esenmyrat Arazgeldiýew, Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly baş ilçisi Mustafa Kapuju we Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly baş ilçisi Ata Serdarow bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar garşylady.
Milli egin eşigini geýen türkmen çagalary Prezident Erdogany duz-çörek we gül desseleri bilen garşylady.
Prezident Erdoganyň Türkmenistana guraýan saparyna Ykdysadyýet ministri Mustafa Elitaş, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak bilen Milli bilim ministri Nabi Awjy hem ýoldaşlyk edýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar