Dawutgoly: "Türkmenleriň gyrylmagyna synçy bolmarys"

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Türkiýäniň serhetleri bozulyp, Siriýadaky Baýur-bujak türkmenleriniň bombalanmagyna synçy bolmajakdygyny aýtdy

400261
Dawutgoly: "Türkmenleriň gyrylmagyna synçy bolmarys"

Dawutogly Bakuwa guraýan resmi saparynyň çäginde Azerbaýjanyň Dilomatiýa Akademiýasynda “Global synaglaryň öňünde Türiýe-Azerbaýjan strategik hyzmatdaşlygy” temaly maslahatda çykyş etdi.
Premýer ministr Russiýa Siriýada çäre görýän etraplarynda DAEŞ-iň däl, eýsem Türkiýäniň hemaýatyndaky türkmenleriň ýaşaýandygy barada duýduryş berendiklerini aýtdy.
Ahmet Dawutogly: “Türkmendagynda türkmenler gyrylýarka biziň serhetlerimiz bozulyp, şol bigünä adamlaryň gyrgyna berilmegine ýol berip bilmezdik. Serhedimiziň üstünde geçip türkmenler bombalanýarka synçy bolup bilerismi? 24-nji noýabr güni 3 gezek Türkmendagyny bombaladylar” diýdi.
Premýer ministr Dawutogly Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine çagyryş edip: “Meseleleri ýüz-ýüze maslahatlaşyň. Sowuk urşy ýada salýan propogadalardan el çekiň” diýdi.
Türk we rus halklaryyň arasynda hiç hili meseläniň ýokdugyny we bolmajakdygyny nygtan Dawutogly: “Rus halkyna hiç hili şübhämiz, ikirjiňlenmämiz ýok. Rusýanyň halky buýsançly halk, biz oňa sarpa goýýarys” diýip nygtady.
Rus ýolbaşçylaryny ykdysady hyzmatdaşlygy artdyrmaga çagyran Dawutogly: “Başga ýurtlar özlerine embargo goýan halatynda hoşal bolmaýan Russiýanyň Türkiýä embargo goýmagy, öz içinde uly gapma garşylykdyr. Ykdysady embargolaryň Türkiýe ýaly buýsançly ýurdy, türk milleti ýaly buýsançly milleti dyza çökerip biljekdigni pikir edýanler ýalňyşýarlar” diýdi.
Türkiýäniň Daglyk Garabag meselesinde Azerbaýjana berýän goldawynyň dowam edýändigini nygtan Premýer ministr, Azerbaýjanyň basylyp alynan ýerleri halas bolýança Türkiýäniň elmydama Azerbaýjanyň ýanynda durjakdygyny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar