Kipr gepleşikleri dowam edýär

Şol çäkde çarşenbe güni duşuşan DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy we Günorta Kipr grek dolanşygynyň lideri Nikos Anastasiadis BMG-niň gözegçiligindäki ara zolakda şu gün ýaňadandan görüşdiler

419729
Kipr gepleşikleri dowam edýär

Maslahatyň gün tertibinde emläk, ýerleriň paýlaşylmagy we dolanşyk ýaly ugurlar bardy.
Duşuşykda gepleşikleriň iň dartgynly meselesi emläk ugry…
Esasanda emläkdä şertlerin kesgitlenmegi we işjeň peýdalanylýanlaryň hukuklarynyň berilmegi barasyndaky düşnüşmezlikler dowam edýär.
Dolanşyk ugrundaky düşnüşmezlikler hem entek çözülmedi. Türk tarapy täze dörediljek federasiýada gezekleşikli başlykly ulgamyny, syýasy deňligiň tebigy we ýüzöwrülmesiz faktory hökmünde görýär.
Grek tarapy bolsa adadaky ýeke-täk legal dolanşykdygyny öňe sürüp, gezekleşikli başlyklygy kabul etmeýär.
Ýerleriň paýlaşylmagynda bolsa DKTR-da 1974-nji ýyldan ozal grekleriň emläkleri bilen günorta Kiprde galan türkleriň emläkleri kategoriýalara bölüner, yzyna berme, jerime tölemek we çalşyk usullary bilen çözüler.
Emläkler meselesiniň garaşsyz hünärmenlerden ybarat ýörite topar tarapyndan seljeriljekdigi habar berilýär.
BMG-niň Baş sekretarynyň Kipr boýunça şahsy geňeşçisi Espen Bart Eýde Akynjy bilen Anastasiadisiň arasyndaky ýokary depginli gepleşikleriň netije berýändigini aýtdy.
Eýde gepleşikleriň netijelidigini we häzirki wagtda oňyn atmosferada dowam edýändigini belläp, liderler bilen geçiren duşuşygynyň netijeli geçendigini nygtady.
Eýde: “Gepleşikler üçin esasy zat birnäçe meseleleri giňişleýin seljerýäris we alty duşuşykdan soň haýsy sepgide ýetendigimiz barada beýanat beriler. Esasy netije üçin wagt gerek” diýdi.
Liderler aýyň ahyryna çenli ýene-de iki gezek duşuşarlar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar