Gurbanguly Berdimuhamedowyň Si Szinpin bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşygy

416636
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Si Szinpin bilen duşuşygy

Düýn Hytaýyň paýtagtynda düýn HHR-e sapar bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy geçirildi.

Bu sapar hem-de nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyk deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we netijelilik ýörelgeleri esasynda guralýan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda täze möhüm ädim boldy. Bar bolan ägirt uly ykdysady kuwwata we Beýik Ýüpek ýoly döwründen gözbaş alyp gaýdýan köpugurly medeni gatnaşyklara esaslanýan netijeli türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä eýe boldy hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Häzirki taryhy döwürde Türkmenistan we Hytaý strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny görkezýärler. Şol gatnaşyklar bolsa diňe bir iki ýurduň halklarynyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanyň hem-de HHR-iň netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, şol sanda dürli pudaklarda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidigi türkmen döwletiniň Baştutanynyň şu gün irden Hytaýyň işewür we maliýe toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynyň barşynda ýene-de bir gezek tassyklanyldy. Olar ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýärler.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilmegi bilen birlikde ynsanperwer ulgamynda, şol sanda ylym-bilim, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ugry boýunça türkmen-hytaý gatnaşyklary ýylsaýyn çuňlaşdyrylýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara ülňüleriniň derejesinde ýokary hilli bilim almak üçin ähli şertleri döretmek meseleleri bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge aýratyn ähmiýet berýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýar.

Düýnki HHR-e saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Hytaýyň iri ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdy. Olar döwlet Baştutanymyza ýaş nesil barada ýadawsyz alada edýändigi, daşary ýurtlaryň iň gowy ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap bilim almak hem-de seçip alnan hünäri özleşdirmek babatda döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen Lideri “Dýaoýuýtaý” döwlet kabulhanasyndan Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin mähirli garşylady.

Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, Türkmenistanyň we HHR-iň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Soňra Halk ýygnaklar öýüniň kiçi “Gündogar zalynda” iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda ýokary derejede ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

HHR-iň Baştutany belent mertebeli türkmen myhmanyny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Hytaýyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugruna ygrarlydygyny tassyklady. Bu hyzmatdaşlyk bolsa türkmen we hytaý halklarynyň gadymdan gelýän dostluk däplerine hem-de hoşmeýilli erk-islegine daýanýar. Şunuň bilen baglylykda, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin şu günki ikitaraplaýyn duşuşygyň okgunly häsiýete eýe bolan hem-de anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilikdigini belledi.

Hytaýyň Lideri döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berip, uzakmöhletleýin esasda guralýan hem-de ikitaraplaýyn görnüşde we abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde köp ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin HHR-iň we Türkmenistanyň ägirt uly kuwwata eýediklerini nygtady. Başlyk Si Szinpin Hytaýda ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu saparynyň iki ýurduň we halklaryň abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen Lideri Türkmenistanyň wekiliýeti mähirli garşylanandygy üçin HHR-iň Başlygyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip we şu saparyň esasy maksatlary barada aýdyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Baştutanyny hem-de ýolbaşçylaryny, ähli hytaý halkyny faşizme garşy Jahan urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllyk beýik ýubileýi bilen gutlady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, ilkinji nobatda, Ikinji jahan urşunyň tamamlanmagyna, dünýäniň uruşdan soňky gurluşyny emele getirmäge we halkara gatnaşyklary ulgamyny döretmäge Hytaýyň ägirt uly goşant goşandygyny belledi.

Bu şanly sene mynasybetli Pekin şäherinde geçirilen ägirt uly baýramçylyk dabarasy Ýer ýüzünde parahatçylygy söýýän güýçleriň bitewüliginiň nyşanyna öwrüldi, hiç haçan şol ýowuz uruşdaky ýaly betbagtçylygyň gaýtalanmagyna ýol bermezlik üçin, ähli zerur çäreleri görmäge olaryň taýýardygyny görkezdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ikinji jahan urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy bellenýän häzirki döwürde Türkmenistan Hytaý bilen bir hatarda barýar, onuň şu beýik baýram bilen bagly şatlygyny, görkezilen edermenlik üçin buýsanjyny paýlaşýar. Türkmen Lideri hytaý halkyny, uruş weteranlaryny bu şanly sene bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, şirin janyny aýaman, bu nurana baýramy ýakynlaşdyran adamlaryň ýagty ýadygärligine ýurdumyzda uly hormat goýulýandygyny aýtdy.

Türkmen-hytaý gepleşiklerine mahsus bolan özara ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň hem-de HHR-iň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejededigini nygtadylar. Gatnaşyklaryň taryhynyň dowamynda döredilen, resminamalaryň ençemesini özüne birleşdirýän ygtybarly kadalaşdyryjy-hukuk binýadyň şol gatnaşyklaryň esasy bolup durýandygyny nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Başlyk Si Szinpin ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berip, ýakyn we uzakmöhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Şunda söwda-ykdysady, ynsanperwer-medeni ulgamlarda bar bolan köpugurly kuwwaty nazara almak bilen, ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly şertleriň bardygy bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistan we Hytaý strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada Bilelikdäki Jarnama gol çekdiler. Netijede, gatnaşyklaryň täze, has ýokary derejesine çykyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Hytaýyň halkara giňişliginde, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini bellemelidiris. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürýän dürli başlangyçlaryny Hytaý hemişe goldaýar. Öz gezeginde, ýurdumyz hem hytaýly hyzmatdaşlar üçin örän möhüm meselelerde, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň birligine we çäkleriniň bitewüligine degişli meselede hemişe öz garaýyşlaryny anyk beýan edýär, bir Hytaý syýasatyna berk eýerýär.

Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşmek, sebit we ählumumy möçberde durnukly ösüş üçin şertleri döretmek ýaly möhüm meseleler boýunça Türkmenistanyň hem-de HHR-iň garaýyşlary ýakyndyr ýa-da gabat gelýär. Ýurtlaryň ikisi hem energetika we ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak ýaly, häzirki döwrüň örän wajyp wezipelerini çözmek boýunça täsirli çäreleri görmekde hem umumy pikire eýerýär.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, ol ýokary depginler bilen ösýär. Deňhukukly gatnaşyklar, birek-birege hormat goýmak, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna we mümkinçiligine garaýyşlarda özara düşünişmek türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häsiýetli tarapydyr. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberleri ýylsaýyn artýar, Hytaý Halk Respublikasy şu görkeziji boýunça Türkmenistanyň iň iri hyzmatdaşyna öwrüldi. Hytaý kompaniýalary ýurdumyzyň nebitgaz hem-de telekommunikasiýa ugurlarynda, ulag pudagynda, dokma we himiýa senagatynda hem-de beýleki birnäçe ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Şu gün döwlet Baştutanymyzyň Pekinde Hytaýyň işewür we maliýe toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygy türkmen-hytaý ykdysady gatnaşyklaryna, işewür düzümleriň ugry boýunça däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berdi.

Ýangyç-energetika toplumy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan strategiki ugurlarynyň biridir. Şu babatda XXI asyryň ägirt uly taslamasy bolan Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy baradaky taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany bolup durýar. Häzirki wagtda şu gaz geçirijisi boýunça HHR-e türkmen “mawy ýangyjy” uzakmöhletleýin esasda iberilýär. Aziýada durnukly geosyýasy we ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolan bu transmilli energiýa köprüsini sebit hem-de ählumumy derejede energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge we oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant diýip atlandyrmak bolar. Türkmenistanda milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan maksatnamalary hem-de bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri çykarmaga gönükdirilen senagat düzüminiň kämilleşdirilmegini nazara almak bilen, gazy we nebiti gaýtadan işlemek ulgamynda hem özara gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikler açylýar.

Ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny nazara almak bilen, Türkmenistan bu ugurda Hytaýa Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde örän möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýar. Häzirki döwürde ýurdumyz hyzmatdaşlary bilen bilelikde Aziýany Ýewropa bilen birleşdirýän, giň gerimli, utgaşdyrylan ulag-üstaşyr we logistik üpjünçilik ulgamlaryny döredýär. Geljekde bu ulgam Hazar deňzi we Gara deňiz sebitlerine, Baltika ýurtlaryna çykýan üstaşyr geçelgeleri özüne birleşdirer. Netijede, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden Merkezi Aziýanyň çäkleriniň üsti bilen Ýewropadaky we Ýakyn Gündogardaky bazarlara barýan amatly ýerüsti ýoly emele getirer. Şeýlelikde, bu ileri tutulýan ugurda netijeli gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikler bar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmekde we ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça bilelikdäki Türkmen-hytaý komitetine we onuň kiçi komitetlerine möhüm orun degişlidir. Bu komitetiň işi özara gatnaşyklaryň, şol sanda ýokary tehnologiýaly innowasion pudaklarda hyzmatdaşlygyň täze usullaryny we görnüşlerini işläp taýýarlamaga ýardam etmelidir. Şu ýylyň oktýabr aýynda Pekinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilhanasynyň açylmagy hem bellärlikli ýagdaýdyr. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky işewür gatnaşyklaryň has-da işjeňleşýändigine şaýatlyk edýär.

Soňky ýyllarda medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim ulgamynda hem ikitaraplaýyn gatnaşyklar işjeň ösýär. Häzirki döwürde türkmenistanly talyplaryň ýüzlerçesi Hytaýda ýokary bilim alýar. Olar iki halkyň ýakynlaşmagy, özara düşünişmegi, gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan dostlukly gatnaşyklaryny giňeltmek ugrunda biziň başyny başlan asylly işlerimizi dowam etjek täze nesillerdir.

Ýurtlaryň ikisinde-de dürli halkara medeni çäreler — festiwallar, ylmy-amaly maslahatlar, seminarlar, syýahatçylyk sergileri we sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Şonuň ýaly-da, geçen ýyl Pekinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisi hem geçirildi. Bu çärelere gatnaşmak üçin wekiliýetleri alyşmak asylly däbe öwrüldi.

Soňky döwürde iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky dostluk gatnaşyklary ösüşe eýe boldy. Türkmenistan we Hytaý bu gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyrmagy göz öňünde tutýarlar. Hytaýyň Şandun we Şensi welaýatlary bilen Türkmenistanyň Lebap hem-de Ahal welaýatlarynyň, Sian we Mary şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň möhüm taraplarynyň biri bolup durýar.

Ikitaraplaýyn göni gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, şu ýylyň oktýabr aýynda Mary welaýatynyň merkezinde Hytaýyň Sian şäheriniň Medeniýet hepdeliginiň geçirilendigini mysal getirmek bolar. Ýakynda ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Hytaý Halk Respublikasynyň Çžuhaý şäherinde geçirilýän II halkara sirk festiwalynyň çäginde guralan bäsleşige gatnaşyp, onuň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Bu topar festiwalyň iň ýokary baýragyna — «Altyn Kuboga» mynasyp boldy. Bu wakalaryň ählisi iki ýurduň gatnaşyklarynyň yzygiderli ösýändigini we giňelýändigini aýdyň görkezdi. Türkmen we hytaý halklarynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan dostlugy berkitmäge, taryhy, ruhy we medeni gatnaşyklary gorap saklamaga hem-de ösdürmäge isleg bildirýändigini äşgär etdi.

Şunuň bilen birlikde, sport ulgamynda hem netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklary ýola goýuldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek arkaly sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Şu babatda Türkmenistan 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge giňden taýýarlyk görülýändigini nazara almak bilen, hytaýly hyzmatdaşlardan ýokary netijeli sportda uly üstünlikleri gazanmak, iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça gymmatly tejribäni öwrenmäge gyzyklanma bildirýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleriniň ençemesi boýunça pikir alyşdylar.

Iki ýurduň Liderleri Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge meýillidiklerini tassykladylar.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Başlygy Si Szinpini dekabr aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek ýokary derejedäki Halkara maslahatyna hem-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

HHR-iň ýolbaşçysy çakylyk üçin hoşallyk bildirip we döwlet Baştutanymyzy bu şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, Hytaýyň Bitarap Türkmenistanyň oňyn daşary syýasat ugruny hem-de ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän döredijilik başlangyçlaryny doly goldaýandygyny nygtady.

Duşuşyk tamamlanandan soň, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna agşamlyk naharyny berdi.

Soňra iki ýurduň Liderleri mähirli hoşlaşyp, Türkmenistanyň we Hytaýyň dostluk hem-de strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar we türkmen hem-de hytaý halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk ýygnaklar öýünden Pekin şäheriniň Halkara howa menziline ugrady.

Howa menzilinde Türkmenistanyň Baştutanyny resmi adamlar, şeýle hem HHR-iň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary ugratdylar. Ýurdumyzyň ýaş nesliniň wekilleri ýaşlara bilim we terbiýe bermek meselelerine uly üns berýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, alan bilimlerini netijeli ulanmak hem-de eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak üçin üstünlikli okamak we seçip alan hünärlerini ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar. (TDH)

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we özüne garaşýan uçara münüp, Aşgabada ugrady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar