Aşgabatda Halkara söwda sergisi dowam edýär

Sergä 80-e golaý kompaniýa gatnaşýar

411216
Aşgabatda Halkara söwda sergisi dowam edýär

Paýtagtyň Sergi köşgünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de “Meridiyen” türk kompaniýasy tarapyndan guralan söwda sergisinde ýurduň hem-de daşary döwletleriň —Türkiýäniň, Russiýanyň, Germaniýanyň, Awstriýanyň, Beýik Britaniýanyň, Gazagystanyň, Ýaponiýanyň, Fransiýanyň, Ermenistanyň, Ukrainanyň, Bolgariýanyň, ABŞ-nyň, Belgiýanyň, Italiýanyň we Gollandiýanyň 80-e golaý kompaniýalarynyň gatnaşmagy serginiň gerimini görkezýär. Ol halkara söwdasynyň ähli giň gerimine hem-de bu ulgamda dünýäniň häzirki zaman ýagdaýlaryna bagyşlanyp ilkinji gezek geçirilýär.
Sergi köşgünde söwda ulgamynda gazanan üstünliklerini we dünýä hojalyk gatnaşyklaryny ösdürmekde daşary söwda işiniň ornuny görkezýän bölümler ýerleşdirildi.
Giň gerimli serginiň geçirilmegi Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarda gazanan ýokary derejesiniň, ýurduň söwda ulgamyny ösdürmegiň we kämilleşdirilmegiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurduň söwda wekillerine we türkmen işewürlerine daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kärhanalarynyň önümleri we hyzmatlary bilen tanyşmaga, hyzmatdaşlar bilen gös-göni gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýän köpugurly häsiýeti serginiň tapawutly aýratynlygydyr. Elbetde, ol barha artýan eksport kuwwaty bilen tanyşdyrmaga ýardam edýär.

Sergide azyk hem-de hojalyk harytlary, sport egin-eşikleri, neşirýat we himiýa senagatynyň önümleri, mebeller hem-de aşhana enjamlary, gurluşyk enjamlary we dürli ugurlarda, şol sanda ulag ulgamynda hyzmatlaryň dürli görnüşleri bilen tanyşmak bolýar.

Serginiň merkezinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň özboluşly maglumat merkezi ýerleşdirildi. Uly ekranlarda milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ýurduň gazanan üstünlikleri görkezilýär
Sergä ilkinji gezek gatnaşýanlaryň hatarynda çyzykly şertli belgiler boýunça Milli gurama hem bar.
Şu ýyl Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy “GSI” (Global Standart) halkara guramasyna girdi, ýurda bolsa degişli çyzykly şertli belgi berildi. Sergä gelenlere guramanyň işi barada maglumat berilýär we şertli belgileri okamak üçin niýetlenen enjamlar görkezilýär. Onuň ýazylmagy, öndürilen önümleriň hasaba alnyşyny, ugradylmagyny, saklanylmagyny, satylanda kassa hyzmatlaryny awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Awtomatik deňeşdirme şertli bergilerdäki maglumatlary tanamak we ýazmak arkaly olary awtomatik usulda kesgitlemegi, okamagy, gaýtadan işlemegi, geçirmegi we ýazmagy amala aşyrýar.

Sergi oňa gatnaşyjylara öz kärhanalarynyň birwagtyň özünde aragatnaşyklaryny giňeltmäge, satuw we haryt syýasatyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtda-da bu serginiň geçirilmegi marketing strategiýasynyň kämilleşdirilmegine ýardam berer.

Häzirki Halkara söwda sergisi daşary ýurtlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekde, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmekde hem-de öndürijileriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmekde möhüm orun tutmaga gönükdirilendir.

Aşgabatlylar hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary üç günüň dowamynda Halkara söwda sergisinde görkezilýän önümler bilen tanşyp bilerler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar