Berdimuhamedowyň we Poroşenkonyň arasynda gepleşikler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Pýotr Poroşenkonyň arasynda gepleşikler

404158
Berdimuhamedowyň we Poroşenkonyň arasynda gepleşikler

Düýn türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn paýtagtymyza resmi sapar bilen gelen Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenkonyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Düýn irden Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenkonyň awtoulag kerweni “Oguzkent” myhmanhanasyndaky kabulhanasyndan çykyp, motosiklçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Garaşsyzlyk meýdanyna geldi.

Bu ýerde ukrainaly kärdeşini Türkmenistanyň Prezidenti garşylady. Iki döwletiň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, ýörite münbere barýarlar.

Soňra belent mertebeli ukrain myhmanyny resmi garşylamak dabarasy boldy. Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Ukrainanyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Pýotr Poroşenko Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler.

Türkmen döwletiniň Baştutany ukrainaly kärdeşini Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Belent mertebeli myhman şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatiki wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen tanyşýar. Öz nobatynda, Prezident Pýotr Poroşenko türkmen Liderini Ukrainanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Döwlet Baştutanlary bilelikde “Ruhyýet” köşgüne barýarlar, şol ýerde Türkmenistanyň we Ukrainanyň Döwlet Baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, Ruhyýet köşgüniň “Beg” otagynda iki ýurduň Liderleriniň ikiçäk gepleşikleri geçirildi.

Duşuşygyň barşynda iki döwletiň Baştutanlary ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar, türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar, özara gatnaşyklaryň köpugurly kuwwatyny hem-de iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz biziň ýurtlarymyzyň öňden gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň bardygyny nygtady. Şol gatnaşyklar bolsa däbe öwrülip, häzirki döwürde hem syýasy derejede we söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda yzygiderli ösdürilýär. Milli Liderimiz ukrain tarapyna Türkmenistanyň halkara giňişligindäki başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda iki gezek tassyklanan ýeke-täk Bitarap ýurtdugyny belledi. Şu ýyl biziň üçin uly toý ýylydyr, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygyna 20 ýyl dolýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ukrain ýolbaşçylaryny 12-nji dekabrda bu senäniň baýramçylyk edilmegi mynasybetli türkmen paýtagtyna çagyrdy. Bu ýerde dabaralaryň çäklerinde ýokary derejedäki halkara maslahaty hem-de beýleki toý çäreleri geçiriler.

Biziň halkara giňişligindäki gatnaşyklarymyzda ählumumy möçberdäki möhüm meseleler boýunça özara goldaw berýändigimiziň mysallary az däldir, bu energiýa serişdelerini ygtybarly hem-de durnukly üstaşyr geçirmäge, olary dünýä bazarlaryna çykarmaga degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we Ukrainanyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen BMG-niň bu kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş edendigini aýratyn belledi. Sebit üçin uly ähmiýete eýe bolan möhüm meseleleriň biri-de, ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek bilen baglanyşyklydyr. Bu babatda yklymara geçelgesini döretmekde biziň oňat mümkinçiliklerimiz bar, bu geçelge Aziýa-Ýuwaş umman sebitini Ýewropanyň ýurtlary bilen baglanyşdyryp biler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şu günki gepleşikleriň barşynda taraplaryň şu wezipeleri çözmek boýunça umumy pikire geljekdiklerine ynam bildirdi.

Türkmen-ukrain hyzmatdaşlyk gatnaşyklary söwda-ykdysady ulgamda hem sazlaşykly ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz, ukrain kompaniýalarynyň ýurdumyzda ulag düzümi ulgamynda möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirýändigini nygtady. Munuň özi üstaşyr geçelgeler meselesine gabat gelýär. Ukrainaly gurluşykçylar eýýäm Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleriň ikisini gurdular, ýene-de iki köpri gurulýar. Şol desgalar häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýän sebitiň ulag düzümini döretmekde möhüm ulgam bolmalydyr. Şeýlelikde, bu ulgamda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň bähbidine onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Duşuşykda medeni-ynsanperwer ulgam barada hem durlup geçildi. Bu ulgamda, şol sanda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmek biziň üçin däbe öwrüldi. Türkmen ýaşlary Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar we biziň ýurdumyz bilim, tehnika, innowasiýalar ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi göz öňünde tutýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu meseleler boýunça möhüm resminamalaryň birnäçesiniň gol çekilmäge taýýar edilendigini belledi.

Iki halkyň taryhy – medeni mirasyny öwrenmek, sungat we medeniýet işgärleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada hem gürrüň edildi. Bu ulgam türkmen-ukrain gatnaşyklarynda hemişe möhüm orun eýeledi.

Öz nobatynda, Prezident Pýotr Poroşenko türkmen topragynda ukrain wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, bu saparyň aýratyn mana eýedigini belledi. Bu sapar türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygynyň baýram edilmeginiň yzysüre hem-de Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda amala aşyrylýar.

Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň we Ukrainanyň hyzmatdaşlygynyň taryhy we strategiki häsiýete eýedigini nygtady. Biz hemişe birek-birege kömek berdik, energetika, maşyngurluşygy, gurluşyk, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň baý tejribesini topladyk. Bu tejribe hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin kuwwatly binýat bolup durýar. Ukrainanyň hökümetine hem-de iri kärhanalaryna wekilçilik edýän uly wekiliýet hem hut şu gatnaşyklardan ugur alnyp düzüldi. Wekiliýetiň düzüminde türkmen talyplarynyň bilim alýan ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem bar.

Prezident Pýotr Poroşenko türkmen Bitaraplygynyň şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Ukrainanyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady ulgamda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de sebitara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Ukrainanyň oblastlarynyň we Türkmenistanyň welaýatlarynyň derejesinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy bellenildi. Prezidentleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar, iki ýurduň hökümetleriniň arasyndaky özara ynanyşmak ýagdaýy hem-de biziň halklarymyzyň birek-birege bolan dostluk duýgulary munuň esasy şerti hökmünde görkezildi.

Soňra gepleşikler Ruhyýet köşgüniň “Ruh” otagynda giňişleýin düzümde Türkmenistanyň we Ukrainanyň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Pýotr Poroşenkony hem-de Ukrainanyň wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek Aşgabatda tüýs ýürekden mübärekläp, Pýotr Alekseýewiç Poroşenkonyň Ukrainanyň Prezidenti hökmünde Türkmenistana ilkinji resmi saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara hil taýdan täze itergi berjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz biziň ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de dostluk esasynda guralýandygyny nygtady. Şol gatnaşyklar çuňňur taryhy köklere, medeni, ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň baý däplerine, ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyna esaslanýar.

Türkmen-ukrain hyzmatdaşlygy uzakmöhletleýin häsiýete eýedir hem-de iki döwletiň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine yzygiderli, döredijilikli ösdürilmegine gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Biziň ýurtlarymyz halkara giňişliginde deňhukuklylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna hem-de ösüşiň öz nusgasyny seçip almak hukugyna hormat goýmak ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda aýgytly çykyş edýärler. Türkmenistan we Ukraina şol ýörelgelere eýerip, geljekde hem iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde gatnaşyklaryny ösdürerler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şu babatda biz halkara giňişliginde birek-birege goldaw bermek tejribesini dowam etdireris, bu bolsa özüniň netijeliligini subut etdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Ukrainanyň ählumumy energetika howpsuzlygy we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk ýaly esasy ugurlarda Türkmenistanyň başlangyçlarynyň tarapdary hökmünde çykyş edip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli kararnamalarynyň awtordaşy bolandygyny belledi.

BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşine, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşine we ýöriteleşdirilen Komissiýalaryň hem-de Komitetleriň birnäçesine saýlawlar geçirilende, kandidaturalary özara goldamak netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlarda biziň ýurtlarymyzyň oňyn, jogapkärli garaýyşlary häzirki wagtda örän wajypdyr. Biz Türkmenistanyň we Ukrainanyň ähli dawalaryň hem-de gapma-garşylyklaryň diňe parahatçylykly ýol bilen hem-de syýasy – diplomatiki çäreleriň çäklerinde çözülmelidigi baradaky berk ornuny hem-de garaýyşlaryny tassyklaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Biziň ýurtlarymyz häzirki zamanyň ählumumy howplaryna – halkara terrorçylygyna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga netijeli garşy durmak işinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şeýle gatnaşyklar ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalarynyň çäklerinde dowam etdiriler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz söwda-ykdysady gatnaşyklar meselesine geçip, olary ösdürmegiň biziň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Ukraina Türkmenistanyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşydyr. Iki ýurduň arasynda berk hukuk binýady döredildi, ýüze çykýan ähli meseleleri oňyn ýagdaýda çalt ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýän geňeşmeler we duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birek-birege düşünişmäge esaslanan şeýle çemeleşmäniň biziň gatnaşyklarymyzyň döredijilikli häsiýeti, olaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy üçin esas bolup durýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ukrain kompaniýalary bilen köp ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Şol kompaniýalar bizde şäher we ulag düzüminiň desgalaryny gurmakda, ykdysadyýetiň beýleki möhüm pudaklarynda işleýärler. Häzirki wagtda Türkmenistanda ukrain maýasynyň gatnaşmagynda 29 kärhana bellige alyndy, umumy bahasy ABŞ-nyň üç ýarym milliard dollaryna golaý bolan maýa goýum taslamalarynyň 80-den gowragy durmuşa geçirildi we amala aşyrylýar.

Şunda özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, ony diwersifikasiýalaşdyrmak möhüm wezipe bolup durýar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň we Ukrainanyň döwlet düzümleriniň ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýyna anyk baha bermeginiň, ileri tutulýan ugurlary kesgitlemeginiň hem-de gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin netijeli gepleşiklere girişmeginiň wajypdygyny nygtady. Şu babatda Ykdysady we medeni — ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň paýyna aýratyn jogapkärçilik düşýär.

Milli Liderimiz dürli ulgamlarda işewürlik taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmekde, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmekde umumy bähbitleriň köpdügini aýdyp, ikitaraplaýyn işewürler forumlaryny geçirmek tejribesiniň ösdürilmeginiň wajypdygyny belledi.

Ýangyç-energetika ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Biz Ukraina ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümleriniň iberilişiniň möçberlerini artdyrmaga, bu ulgamda bilelikdäki kooperasion taslamalary amala aşyrmaga taýýardyrys. Biz ukrainaly dostlarymyzyň Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň ygtybarly üstaşyr geçirilmegi hakyndaky başlangyjyny goldandygyna mynasyp baha berdik. Biz şol başlangyjy Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürdük. Şu mesele boýunça giň halkara gepleşikleri geçirmek häzirki wagtda anyk ýagdaýa öwrüldi we biziň ýurtlarymyz onda işjeň orny eýeleýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, ukrain wekiliýetiniň 2014-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen Energetika Hartiýasynyň forumyna gatnaşandygy bellenildi. Onuň barşynda energetika ulgamynda halkara gatnaşyklarynyň häsiýetine hem-de mazmunyna oňyn täsir etmäge ukyply möhüm tekliplere garaldy we kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamynyň hem hyzmatdaşlygyň strategiki ugry bolup durýandygyny nygtady. Häzirki wagtda Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar – Günbatar we Demirgazyk - Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşli ulag-üstaşyr we logistiki düzümiň köp şahaly ulgamyny döredýär. Geljekde ol özüne Hazar deňzi, Gara deňiz, Ortaýer deňzi, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr yklymara geçelgelerini birleşdirer. Munuň özi Ýewropanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna has oňaýly ýoly açýar. Kuwwatly port düzümine eýe bolan hem-de geografik taýdan amatly ýerleşen Ukraina şu meýilnamalary amala aşyrmakda möhüm orun eýeläp biler diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Milli Liderimiz Hazar deňzi we Gara deňiz sebitleriniň döwletleriniň hyzmatdaşlygy babatda Türkmenistan hem-de Ukraina üçin özara gatnaşyklaryň ägirt uly mümkinçilikleriniň açylýandygyna ynam bildirip, şunuň bilen baglylykda, ýöriteleşdirilen halkara düzümlerde, hususan-da, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynda ara alyp maslahatlaşmak üçin ulag düzümini ösdürmek boýunça teklipleri bilelikde işläp taýýarlamak barada pikir etmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ulgamyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanda ukrain halkynyň beýik medeniýetini, onuň ajaýyp wekilleriniň eserlerini oňat bilýändiklerini we uly sarpa goýýandyklaryny aýtdy.

Taras Şewçenkonyň Aşgabatdaky we Magtymguly Pyragynyň Kiýewdäki ýadygärlikleri iki halkyň birek-birege hormatynyň ajaýyp nyşanlary bolup durýar. Adamlar bu ýadygärlikleri alada bilen gurşap aldylar we olara uly sarpa goýýarlar. Türkmen we ukrain halklarynyň taryhy we ynsanperwer gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar diýip, türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Köp ýyllardan bäri bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen talyplarynyň müňlerçesi Ukrainanyň iň gowy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýar. Bu babatda Ukraina Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Biz şeýle hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi hem-de höweslendirmegi göz öňünde tutýarys. Ykdysadyýetimiziň innowasion başlangyçlar esasynda özgerdilýändigini nazara almak bilen, Türkmenistanda uly isleg bildirilýän hünärmenleri Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlamak zerurlygyny möhüm wezipeleriň hatarynda görkezmek isleýärin. Gürrüň ýokary tehnologiýalar, maglumatlar, häzirki zaman dolandyryşy ulgamlarynda hünärmenleri taýýarlamak barada barýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklar hem okgunly ösdürilýär. Wekiliýetler, döredijilik intelligensiýasynyň wekillerini alyşmak işi yzygiderli geçirilýär. Geçen ýyl Ukrainada beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy bellenilip geçildi. Biz muňa ýokary baha berýäris, ýurdumyza, onuň baý medeni – taryhy mirasyna hormatyň nyşany hökmünde garaýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ylmy hyzmatdaşlyk, iki ýurduň Ylymlar akademiýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň ugry boýunça oňat mümkinçilikler açylýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň iki ýurduň ylmy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary höweslendirjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki halkyň ruhy baýlygynyň, uly intellektual kuwwatyň olaryň özara baýlaşmagy, ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin çäksiz mümkinçilikleri döredýändigine ynam bildirip, munuň özüniň köp babatda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň häsiýetini kesgitleýän oňyn ýagdaýdygyny nygtady.

Biziň ýurtlarymyzyň halklary hemişe birek-birege uly hormat-sarpa goýýarlar diýip, milli Liderimiz belledi. Bizi umumy ruhy gymmatlyklar, binýatlaýyn ahlak düşünjeleri – watansöýüjilik, öz taryhyňa, däp-dessurlaryňa hormat goýmak ýörelgeleri baglanyşdyrýar. Şu taryhy tapgyrda, Türkmenistanyň we Ukrainanyň garaşsyz ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan döwründe bu belent ýörelgeler iki halkyň we döwletleriň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň, türkmen-ukrain dostlugynyň we hyzmatdaşlygynyň berk binýadyny pugtalandyrmagyň möhüm şertlerine öwrülýär. Biziň şu gün Pýotr Alekseýewiç bilen bolan duşuşygymyz munuň üçin Türkmenistanyň we Ukrainanyň ähli mümkinçilikleriniň bardygyny tassyklady diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni jemledi.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Ukrainanyň zehinli hem-de zähmetsöýer halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi hem-de Ukrainanyň ýolbaşçylaryna, Pýotr Poroşenko türkmen-ukrain gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işine uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ukrainanyň Prezidentine söz berilýär.

Belent mertebeli ukrain myhmany çykyşynyň başynda ýygnananlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy hem-de Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ukrainada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwlet gurluşyk ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere uly gyzyklanma bilen syn edýärler diýip, Prezident Pýotr Poroşenko aýtdy. Ukrain Lideri sanlyja ýylyň dowamynda ýurdumyzyň keşbiniň tanalmaz derejede özgerendigini, munuň bolsa Türkmenistanyň Baştutanynyň uly üstünligidigini belledi.

Belent mertebeli myhman dostluk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli ukrain-türkmen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, ikiçäk duşuşygyň netijelerine kanagatlanma bildirdi.

Belent mertebeli myhman köp ugurlar boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň, özara kuwwatdan we mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň anyk ýollarynyň bellenilendigini aýdyp, Ukrainanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklara özüniň Merkezi Aziýadaky daşary syýasat hem-de daşary ykdysady işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýandygyny nygtady. Şeýle hem diňe bir Prezidentleriň derejesinde däl, eýsem, hökümetleriň, ministrleriň, hojalyk subýektleriniň we halklaryň derejesinde hem duşuşyklary ýygjamlaşdyrmagyň wajypdygy bellenildi.

Myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň möhüm orny baradaky pikiri bilen ylalaşyp, ýakyn wagtda onuň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýtdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň çärelerine garalar. Toparyň 27-nji maýda geçirilen 4-nji mejlisi hem netijeli boldy. Onda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynda işleriň ýagdaýyna toplumlaýyn seljerme berildi, geljekki gatnaşyklaryň ýollary kesgitlenildi.

Indi bolsa, ylalaşyklar bilen baglylykda, iki ýurduň hökümetleriniň ykdysady ulgamlaryna ikitaraplaýyn söwdanyň görkezijileriniň peselmegi babatdaky ýagdaýy düzetmek boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşarlar hem-de özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin anyk ädimleri äderler. Bu ýerde gürrüň ýokary tehnologiýaly hem-de ylmy talap edýän önümleri ibermegiň paýyny artdyrmak, edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek hem-de ukrain we türkmen kompaniýalarynyň arasynda göni önümçilik gatnaşyklaryny ýola goýmak barada bolup biler diýip, Prezident Pýotr Poroşenko sözüni dowam etdi.

Gurluşyk, ulag, senagat, oba hojalyk pudaklary söwda – ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Ukrainanyň energetika we nebitgaz maşyngurluşyk, awtomobil hem-de wagongurluşyk ulgamlarynda hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi, bu ulgamlara Krýukow wagongurluşyk zawody, Smelýansk elektrotehniki zawody, Sumynyň Frunze adyndaky ylmy-önümçilik birleşigi we beýleki kärhanalar wekilçilik edýär. Şu babatda ýurdumyzyň haýran galdyryjy maýa goýum meýilnamalaryny nazara almak bilen, ukrainanyň energomaşyngurluşyk ulgamynyň Türkmenistanda wekilçiligi baradaky meselä hem garaldy.

Ukrainanyň lideri özara gatnaşyklaryň beýleki ulgamlarynyň hatarynda obasenagat toplumyny görkezip, geljekde üçünji ýurtlaryň bazarlaryna çykylmagyny göz öňünde tutup, oba hojalyk tehnikasyny öndürmek we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça bilelikdäki kärhanalary döretmegi teklip etdi.

Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hünärli türkmen hünärmenlerini taýýarlamak meselelerinde özara gatnaşyklar barada aýratyn durlup geçildi. Ukrainanyň degişli edaralary mundan beýläk hem Türkmenistanyň raýatlaryny okatmak we taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmäge hem-de olaryň ýaşamagy üçin göwnejaý şertleri döretmäge yzygiderli üns berer. Şu meseleleri hem-de türkmen talyplaryny seçip almak we okatmak bilen baglanyşykly beýleki meseleleri çözmekde Ukrainanyň hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlar geňeşiniň çäklerinde taraplaryň alyp barýan işi uly ähmiýete eýe boldy. Mundan başga-da, şu gün Ukrainanyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygy hakyndaky ylalaşyklaryň birnäçesine gol çekilmegi uniwersitetleriň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder diýip, Prezident Pýotr Poroşenko aýtdy we bu möhüm ulgamy ösdürmäge uly üns berýändigi üçin türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem oba hojalygy, senagat syýasaty, syýahatçylyk, ikitaraplaýyn şertnamalaýyn – hukuk ulgamyny tükelleşdirmek ulgamlarynda hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Türkmenistan bilen gatnaşyk etmek hem biziň üçin uly ähmiýete eýedir. Biz BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyga meýillidiris hem-de energiýa serişdeleriniň deň derejede elýeterliligini üpjün etmäge, ulag geçelgelerini ösdürmäge degişli ählumumy meseleleriň köpüsini çözmäge Türkmenistanyň garaýyşlaryny goldaýarys diýip, myhman aýtdy.

Prezident Pýotr Poroşenko halkara giňişligindäki şu we beýleki meseleler boýunça özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, duşuşygyň barşynda ylalaşylan çözgütleriň ukrain-türkmen hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigini aýtdy.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, Ruhyýet köşgüniň “Şat” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ukrainanyň Ministrler Kabinetiniň arasynda senagat babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ukrainanyň Hökümetiniň arasynda oba hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga, Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen, Ukrainanyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň arasyndaky Ylalaşyga, Türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn – hukuk binýadyny tükellemek barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň arasyndaky Teswirnama, Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Iwano-Frankowskiniň Milli tehniki nebit we gaz uniwersitetiniň (Ukraina) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Ukrainanyň Bioserişdeleri we tebigaty ulanyş Milli uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnama, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Harkowyň Pýotr Wasilenko adyndaky milli oba hojalyk tehniki uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnama, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty bilen Dnepropetrowskiniň akademik W.Lazarýan adyndaky Milli demir ýol ulaglary uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnama, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Kiýewiň Taras Şewçenko adyndaky milli uniwersitetiniň arasynda bilelikdäki işleri geçirmek we hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnama gol çekilýär.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenko Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Ruhyýet köşgüniň “Habar” otagynda iki döwletiň Baştutanlary metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede geçirilen duşuşygyň netijelerini teswirläp, açyklyk, özara ynanyşmak hem-de düşünişmek ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenko we Ukrainanyň wekiliýetiniň ähli agzalaryna minnetdarlyk bildirdi.

Geçirilen gepleşikleriň barşynda iki döwletiň bähbitlerine hyzmat edýän ikitaraplaýyn ysnyşykly özara gatnaşyklara Türkmenistanyň hem-de Ukrainanyň üýtgewsiz ygrarlydygy tassyklanyldy, dürli ugurlarda türkmen-ukrain gatnaşyklaryny has-da ösdürmek üçin zerur bolan mümkinçilikleriň bardygy bellenildi diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa hem-de Gündogar Ýewropa sebitlerinde ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, ynanyşmagy we özara düşünişmegi ýola goýmaga ýardam bermäge iki tarapyň hem ymtylýandygy nygtaldy. Türkmenistan we Ukraina deňhukuklylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna hormat goýmak ýörelgeleriniň hem-de ösüşleri gazanmakda öz nusgaňy saýlamaga bolan hukugyň ykrar edilmegine özleriniň pugta ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassykladylar. Şuňa eýermek bilen, taraplar iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde özara hereketlerimizi has-da ösdürmegi ylalaşdylar. Şu babatda dünýä syýasy derejesinde özara goldaw bermegiň tejribesi dowam etdiriler. Bu bolsa öz netijeliligini subut etdi.

Soňra türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň we Ukrainanyň häzirki zamanyň ählumumy wehimlerine — halkara terrorçylygyna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy netijeli hereket etmek işinde hyzmatdaşlygyny dowam etdirjekdigini belledi. Şunuň ýaly özara hereketler ikitaraplaýyn derejede bolşy ýaly, halkara guramalarynyň çäklerinde hem amala aşyrylar.

Bu günki duşuşyk iki ýurduň söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlyk etmeginiň esaslaryny berkitdi. Ukraina Türkmenistanyň biziň öňden gelýän hyzmatdaşydyr. Ukrain kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işleri bilelikdäki mümkinçilikleri durmuşa geçirmegiň nusgalyk mysaly bolup durýar. Şol kompaniýalar şäher we ulag düzümleriniň, ykdysadyýetiň beýleki möhüm pudaklarynyň desgalaryny gurmakda işleýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz taraplaryň senagat pudagynda, oba hojalygynda, gaýtadan işleýän pudaklarda, dokma we himiýa senagatynda, birnäçe beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ylalaşandyklaryny habar berdi. Özara söwdanyň möçberlerini köpeltmek üçin zerur bolan çäreleri görler.

Ýangyç-energetika pudagy hyzmatdaşlygyň wajyp ugry bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we
Türkmenistanyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümleriniň Ukraina iberilişini artdyrmaga, bu pudakda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyny belledi.

Gepleşikleriň barşynda ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegine uly üns berildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdirdi. Häzirki wagtda Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen bilelikde Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça ulag-üstaşyr hem-de logistika düzüminiň ýaýbaňlandyrylan toruny döredýär. Ol Hazar deňziniň, Gara deňziniň, Orta Ýer deňziniň, Baltika sebitlerine çykýan transkontinental geçelgeleri özünde birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň şu meýilnamalary amala aşyrmakda Ukraina kuwwatly port düzümi hem-de amatly geografiki ýerleşişi bolan geljegi uly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny belledi.

Iki ýurduň işewür jemgyýetçiliginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, bilelikdäki kärhanalary, önümçilik, hyzmatlar, gaýtadan işlemek ulgamlarynda bilelikde hereket etmegiň täze görnüşlerini döretmäge uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwletleriň özara işewür aragatnaşyklary saklap durmagy barada ylalaşyldy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz gatnaşyklaryň ynsanperwer ugruna hem aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, taraplaryň halklarymyzyň ysnyşykly gatnaşmagyna, iki ýurduň baý medeni-taryhy mirasyny öwrenmäge, Türkmenistanyň hem-de Ukrainanyň medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli hyzmatdaşlyk etmegi üçin şertleri döretmäge ymtylmalaryny hemmetaraplaýyn goldajakdygyny nygtady.

Ylym-bilim ulgamynda köpýyllyk oňat däplerimiz bolan özara gatnaşyklarymyzyň görnüşlerini we ugurlaryny has-da giňeltmek barada ylalaşyk gazanyldy. Biz işgärleri taýýarlamak babatda Ukraina özümiziň esasy hyzmatdaşlarymyzyň biri hökmünde garaýarys hem-de şu ugur boýunça özara hereketlerimizi yzygiderli ösdüreris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz şu saparyň barşynda Türkmenistan hem-de Ukraina ýygjam we köptaraply hyzmatdaşlyk etmäge özleriniň ygrarlydygyny we ymtylýandygyny ýene-de bir gezek görkezendigini nygtady. Bu hyzmatdaşlyk biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň uly bähbitlerine, döwletara gatnaşyklarynyň häzirki zaman ösüşiniň ýagdaýlaryna gabat gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň gatnaşyklary bu gün deňhukuklylyk, hormat goýmak, dostluk esasynda guralýar. Şol gatnaşyklar çuňňur taryhy köklere, medeni, gumanitar taýdan özara hereketleriň baý däplerine, ägirt uly özara mümkinçilikleriň düşünilmegine daýanýar. Barşynda möhüm resminamalara gol çekilen saparyň netijeleri türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň uzakmöhlete gönükdirilendigini hem-de halklarymyzyň bähbidi üçin yzygiderli döredijilikli ösüşe niýetlenendigini görkezdi.

Türkmen Lideri şu günki duşuşygyň netijelerinden hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň arasyndaky gepleşiklerden çuňňur kanagatlanma bildirip, netijeli işler üçin Prezident Pýotr Poroşenko hem-de ukrain wekiliýetiniň ähli agzalaryna minnetdarlyk bildirdi.

Öz nobatynda, Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenko köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, şu saparyň Ukrainanyň Prezidenti hökmünde Türkmenistana ilkinji saparydygyny nygtady. Men Siziň ajaýyp ýurduňyz hem-de onuň gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmak, türkmen myhmansöýerligini doly duýmak babatda döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin diýip, myhman aýtdy we Ukrainanyň halkynyň adyndan hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen halkyny Garaşsyzlygyň 24 ýyllygy bilen gutlady.

Ukrainada biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostluga, hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýär diýip, Prezident Pýotr Poroşenko aýtdy we türkmenistanlylaryň ählisine parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Ol geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleri häsiýetlendirip, olaryň köpugurlylygyny, oňynlygyny we netijeliligini belledi. “Türkmenistan biziň üçin möhüm, ygtybarly we uzakmöhletleýin hyzmatdaş bolup durýar. Şu günki duşuşyk muny aýdyňlyk bilen tassyklady”.

Biz Ukraina bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy gepleşikleri işjeňleşdirmäge hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändigimizi tassykladyk. Ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag, maşyn gurluşyk ulgamlaryny, oba hojalygyny we gaýtadan işleýän pudagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdik. Ykdysady we medeni – ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki ukrain-türkmen hökümetara topary öz işini şu ugurlara gönükdirmelidir. Biz özara söwda meselelerine aýratyn üns berdik diýip, ukrain Lideri aýtdy.

Ukraina we Türkmenistan gurluşyk ulgamynda köpden bäri hyzmatdaşlyk edýärler diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi we türkmen bazarynda işleýän hem-de çylşyrymly düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmekde özlerini jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezen ukrain gurluşyk kompaniýalarynyň işine oňyn baha berlendigini eşitmegiň ýakymlydygyny belledi. Myhman şu saparyň ukrain kompaniýalarynyň örän uly maýa goýum kuwwatyna eýe bolan türkmen bazarynda alyp barýan işlerinde täze mümkinçilikleri açýandygyny aýdyp, senagat syýasaty boýunça geňeşi döretmek barada ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy. Munuň özi şu gün gol çekilen senagat ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hökümetara ylalaşygynda öz beýanyny tapdy.

Obasenagat toplumynda gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Bu ugur boýunça hem hökümet derejesinde ikitaraplaýyn resminama gol çekildi. Bu resminama şol ulgamdaky kuwwatdan netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir diýip, Ukrainanyň Prezidenti belledi we diňe bir Türkmenistanyň bazarlarynyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin däl, eýsem, goňşy ýurtlaryň geljegi uly bazarlaryna çykmak üçin hem gaýtadan işleýän senagatyň bilelikdäki kärhanalaryny döretmegiň mümkinçilikleri barada aýratyn durup geçdi. Tohumçylykda seçgi işlerini alyp barmak hem aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, ukrain Lideri aýtdy.

Onuň çykyşynda şeýle hem biziň hyzmatdaşlygymyzda syýahatçylygyň möhüm orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ulag gatnawlaryny, şol sanda Kiýewiň we Aşgabadyň arasynda gatnawlary giňeltmek we aňsatlaşdyrmak zerur bolup durýar.

Medeni-ynsanperwer meselelerine hem üns berildi. Belent mertebeli myhman biz adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ýurtlarymyz üçin örän wajypdygyna ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ukrainada Türkmenistanyň Medeniýet günlerini we Türkmenistanda Ukrainanyň Medeniýet günlerini yzygiderli geçirmek tejribesini dikeltmek baradaky teklibini goldady. Ukraina mundan beýläk hem Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge üns berer diýip, Prezident Pýotr Poroşenko aýtdy. Ukrainanyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlar geňeşiniň işiniň işjeňleşdirilmegi hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder.

Belent mertebeli myhman şu gün Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen netijeli gepleşikleriň jemlerine kanagatlanma bildirip, ikitaraplaýyn, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleler toplumynyň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylandygy üçin hoşallyk bildirdi.

...Düýnüň ikinji ýarymynda Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenko Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Asylly däbe görä, Ukrainanyň Baştutany Hormatly myhmanlar seýilbagynda iki ýurduň we halklaryň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.

Şol ýerden ukrain Lideriniň awtoulag kerweni Gypjak obasyna ugraýar, bu ýerde Pýotr Poroşenko kümmete gül dessesini goýup, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyralady we Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi.

Düýn Ukrainanyň Prezidenti Halkara atçylyk sport toplumyna bardy. Belent mertebeli myhman bu ýerde gözelligiň, syrdamlylygyň hem-de asyllylygyň hakyky nyşany hasaplanýan ahalteke bedewlerini köpeltmegiň taryhy barada köp gyzykly zatlary eşitdi hem-de şöhratly bedewleri köpeltmek we saklamak, bäsleşikleri hem-de baýramçylyk atçylyk sport dabaralaryny geçirmek üçin döredilen şertlere haýran galýandygyny aýtdy. Belent mertebeli myhmana gözelligi hem-de syratlylygy bilen haýran galdyrýan naýbaşy ahalteke bedewleri görkezildi.

Şeýle hem şu gün Ukrainanyň Prezidenti Aşgabadyň taryhy merkezinde ornaşdyrylan ajaýyp ukrain şahyry Taras Şewçenkonyň ýadygärligine gül goýdy.

Agşam “Oguzkent” myhmanhanasynyň Prezident bölüminde Türkmenistanyň Baştutany Ukrainanyň Baştutany Pýotr Poroşenkonyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.

Agşamlyk naharyndan soň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Pýotr Poroşenko mähirli hoşlaşyp, türkmen-ukrain gatnaşyklaryny mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler we Türkmenistanyň hem-de Ukrainanyň dostlukly halklaryna abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Düýn Ukrainanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinden ugrady. (TDH)


Etiketkalar:

Degişli Habarlar