Kipr gepleşikleri dowam edýär

Duşuşyga Espin Bart Aýd gatnaşdy

391855
Kipr gepleşikleri dowam edýär

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Mustafa Akynjy bilen Kipriň grek dolanşygynyň lideri Nikos Anastasiadis BMG-nyň gözegçiligi astyndaky ara zolakda ýaňadandan duşuşdy.
4 sagat dowam eden duşuşyga BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça ýörite wekili Espin Bart Aýd hem gatnaşdy.
Prezident Mustafa Akynjy Kipr meselesinde iki tarap tarapyndan tassyklanyp bilinjek çözgüdiň tapylmagy üçin tagalla etjekdiklerini ýatlatdy.
Akynjy gepleşiklerde emlak meselesiniň gysga wagtda çözülmegi üçin işe girişjekdiklerini sözleriniň üstüne goşdy.
Liderler Kipriň grek dolanşygynyň lideri Anastasiadisiň çakylygyna laýyklykda ara zolakdaky naharhanada nahar iýdi.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar