Berdimuhamedow Rumyniýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtyna gelen Rumyniýanyň daşary işler ministri jenap Bogdan Aureskuny kabul etdi

350158
Berdimuhamedow Rumyniýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Myhman wagt tapyp kabul edenligi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Rumyniýanyň Prezidentiniň tutuş türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny we mähirli sözlerini ýetirdi. Şunda Rumyniýanyň halkara hyzmatdaşlygyny giňden ösdürmäge gönükdirilen işjeň daşary syýasaty we döredijilikli başlangyçlary bilen dünýä ýüzüne belli bolan Türkmenistan bilen mundan beýläk-de netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözleri üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, deňhukuklylyk, uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan däbe öwrülen türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň ýokary depginli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz Rumyniýanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny ýollap, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde hem, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde hem, şol sanda soňky ýyllarda mese-mälim işjeň häsiýete eýe bolan Ýewropa Bileleşigi bilen hem üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda örän uly kuwwata eýe bolan türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalar boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistan bilen Rumyniýanyň döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtamak bilen, ähli ugurlar boýunça, şol sanda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we diwesifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän giň möçberli sebit we halkara ähmiýetli maksatnamalary göz öňünde tutmak bilen, energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklary görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Hazar we Gara deňiz sebitlerini baglanyşdyrjak hem-de ýük daşamak üçin täze gysga ýoly emele getirjek ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň maksatnamasynyň ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem yzygiderli geçirilýän Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň işjeň döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam berýändigi nygtaldy. Mundan başga-da, dürli pudaklarda ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýän ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň eýeleýän ornunyň ähmiýeti hem bellenip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, rumyn işewür toparlarynyň maýa goýumlary üçin amatly şertler döredilen, geljegi uly türkmen bazarynda iş mümkinçiliklerini giňeltmek meýilleri bellenildi. Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän oňyn durmuş-ykdysady özgertmeler strategiýasy, amala aşyrylýan giň göwrümli düzümleýin maksatnamalary, häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmaga ugur alynmagy – öňdebaryjy rumyn, tutuşlygyna alnanda Ýewropa kompaniýalarynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge isleginiň yzygiderli ösmegine ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz we myhman türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan ynsanperwer ulgamdaky özara gatnaşyklar barada aýtmak bilen, ylym, bilim we medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk ugurlarynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de höweslendirmegiň we ussat, tejribeli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurdygyny aýtdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Rumyniýanyň daşary işler ministri Bogdan Auresku iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze mazmuna eýe bolup, mundan beýläk hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. (TDH)


Etiketkalar:

Degişli Habarlar