Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda dargtgynlyk dowam edýär

Düzgün bozmalara we adam pidalarynyň çekilmegine sebäp bolan Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda soňky aýlarda agyr ýaraglaryň hat-da roketalaryň ulanylandygy öňe sürülýär

377622
Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda dargtgynlyk dowam edýär

İki ýurduň serhedinde 1991-1993-nji ýyllaryň aralygynda ermenileriň Ýokary Garabagy we golaýdaky ýedi etraby basyp almagy bilen netijelenen uruşdan soň 1994-nji ýylda hüjümleriň bes edilmegi barada ylalaşyk gazanylandygyna garamazdan dartgynlyk gowşamady.
Çaknyşyklar barada gündelik maglumat berýän Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi “Sonky on günde azyndan 10 ermeni esgeriniň öldürilendigini” habar berdi. Goranmak ministri korpus generaly Zakir Hasanow üstümizdäki ýylyň iýun aýyna çenli öldürilen ermeni esgerleriniň sanynyň 60-a barabardygyny nygtady.
2015-nji ýylda front liniýasynda 12 Azerbaýjan esgeri şehit boldy.
Azerbaýjan tarapy esasanda asuda ilatyň ýitgi çekmeginiň öňüni almak maksady bien front liniýasyna ýakyn obalaryň daşyna diwar çekmäge başlady.
Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky meseläni çözmek üçin döredilen Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramsynyň Minsk toparynyň tagallalary hiç hili netije bermedi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar