"Kipr gepleşikleri dowam eder"

DKTR-nyň Prezidenti Akynjy Kipr gepleşiklerinde geljekki aýlaryň diýseň möhümdigini aýtdy

323105
"Kipr gepleşikleri dowam eder"

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Mustafa Akynjy iş başyna gelmeginiň 100-nji güni mynasybetli metbugata beýanat berdi.
Prezident Akynjy 30-njy aprelde wezipä resmi taýdan başlamagyndan soň gepleşikleriň ýaňadandan başlandygyny, uly öňe gidişiligiň edilendigini aýtdy.
Ygrarlylyk dowam eden halatynda çözgüdiň birnäçe aýyň dowamynda iş ýüzüne geçip biljekdigini nygtan Akynjy, geljek üç aýyň iňňän möhümdigine ünsi çekdi.
Günorta Kiprde 2016-njy ýylyň maý aýynda halk deputatlarynyň saýlawlarynyň geçiriljekdigini ýatladan Akynjy, çözgüt etabynyň uzamazlygy üçin şol güne çenli netije alynmalydygyny aýtdy.
Akynjy grek dolanşygyna gepleşikler dowam edýärkä tebigy gaz gözlegi meselesinde-de duýduryş berdi.
Türkiýeden getiriljek suwuň hem çözgüt üçin höweslendiriji boljakdygyny nygtan Prezident Akynjy, sebitde döwletler bölünýärkä adada federatiw çözgüdiň tapylmagynyň sebit üçin göreldeli nusga emele getirjekdigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar