Berdimuhamedow Ýaponiýanyň hökümetiniň wekilini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler parlament wise-ministrini kabul etdi

315138
Berdimuhamedow Ýaponiýanyň hökümetiniň wekilini kabul etdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň daşary işler parlament wise-ministri Kentaro Sonourany hem-de Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa departamentiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary bölüminiň başlygy Jun Nanazawany kabul etdi.

Myhman duşuşmak üçin berlen wagt hem-de ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň mähirli sözlerini ýetirdi. Olar türkmen halkyna parahatçylyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatoryna we Premýer-ministrine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we birek-biregiň milli bähbitlerini nazara almak ýörelgelerinde ýola goýulýan köpýyllyk netijeli gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmaga ygrarlydygyny nygtady.

İkitarpalaýyn esasda bolşy ýaly, iri halkara guramalarynyň ugry boýunça köptaraplaýyn esasda hem uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda soňky ýyllarda täze depgine hem-de iş ýüzünde anyk hereketlere eýe bolan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň yzygiderli ösýän häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi.

Yzygiderli geçirilýän işewürlik maslahatlarynyň hem-de ikitaraplaýyn işewür duşuşyklarynyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylýan we işlenip düzülýän bilelikdäki taslamalar bar bolan uly mümkinçiligi netijeli durmuşa geçirmek hem-de birnäçe esasy ugurlarda, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we oba hojalyk toplumlarynda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek üçin ygtybarly binýat döretdi. Oba hojalygy barada aýdylanda, sebitiň ýurtlarynyň Ýaponiýa bilen hut obasenagat pudagynda has ysnyşykly özara gatnaşyklary ýola goýmagynyň 2015-2016-njy ýyllar döwür üçin “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” gatnaşyklarynda başlyklyk ediji döwlet hökmünde saýlanan Türkmenistanyň esasy başlangyçlarynyň biri bolandygyny ýatlamak ýerlikli bolar.

Tebigy gazy ýokary tehnologiýa arkaly işläp taýýarlamak babatda nusga alarlyk senagat taslamalarynyň hatarynda Hazaryň kenarýakasyndaky Gyýanly şäherçesinde geçen ýyl badalga berlen polietilen we polipropilen öndürmek boýunça gazhimiýa toplumynyň gurluşygyny agzap bolar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn senagatlaşdyrmaga we köpugurly ykdysadyýeti döretmäge gönükdirilen syýasatynyň hemmetaraplaýyn goldaw berilmegine Ýaponiýanyň kompaniýalarynyň taýýardyklaryny mälim edýändikleri bellärliklidir. Olar özleriniň ylmy we önümçilik täze işläp taýýarlamalaryny, tehnologiýalaryny dürli pudaklara ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýärler.

Ýaponiýanyň daşary işler parlament wise-ministri öz ýurdunyň işewür hem-de maliýe toparlarynyň tutuş dünýäniň ygtybarly maýadarlaryny we kompaniýalaryny barha özüne çekýän Türkmenistan bilen has işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. Şeýle hem jenap Kentaro Sonoura milli Liderimize ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine, ony işjeňleşdirmegiň mümkin bolan ýollaryna bolan gözleglere, şol sanda iş ýüzünde özüniň netijelidigini äşgär eden dürli derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň dowam etdirilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin hoşallyk bildirdi. Munuň özi Ýaponiýanyň parlamentiniň ýanyndaky türkmen-ýapon dostluk toparynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär.

Myhman türkmen topragynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň möçberlerine ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine durmuşa geçirýän başlangyçlarynda täze üstünlikler arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman hoşlaşanlarynda, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň köpugurly esasda ösdürilmegine taýýardygyny ýene bir ýola tassykladylar. Söhbetdeşler dostluk gatnaşyklarynyň, türkmen hem-de ýapon halklarynyň arasyndaky ynanyşmak we birek-birege düşünişmek esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. (TDH)


Etiketkalar:

Degişli Habarlar