"Basyş we zulum esasan ony edýäne zyýan ýetirer"

Wise-premýer Numan Kurtulmuş Sinjan Uýgur Awtanomiýasynda başdan geçirilýänler sebäpli Hytaýyň hökümetini tankyt etdi Kurtulmuş: “Basyş we zulum esasan ony edýäne zyýan ýetirer” diýdi

336816
"Basyş we zulum esasan ony edýäne zyýan ýetirer"

Gündogar Türkistan Jemgyýetleri Platformasynyň Stambulda beren agzaçaryna gatnaşan Numan Kurtulmuşyň gün tertibinde Hytaý Halk Respublikasyna tabynlykdaky Sinjan Uýgur Awtanomiýasynda başdan geçirilýän wakalar bardy.
Kurtulmuş her bir basyşyn çaknyşygy we ýigrenji güýçlendirýändigine ünsi çekdi.
Wise-premýer Numan Kurtulmuş Gündogar Türkistan atlandyrylýan ülkede ýaşaýan uýgurlara edilýän zuluma garşy halkara guramalaryny işe girişmäge çagyrdy.
Kurtulmuş: “Şol basyşyn aç-açan dünýä jemgyýetçiligine ýetirilmegi, ýerliksiz çemeleşme bar bolsa onuň aç-açan we diplomatik kanallar bilen beýan edilmegi hem BMG-niň hem-de adam hukuklary guramalarynyň esasy borçlaryndan biri” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar