Kipr gepleşikleri dowam edýär

Liderler ýaňadandan duşuşdy

324512
Kipr gepleşikleri dowam edýär

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Mustafa Akynjy bilen Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis BMG-nyň gözegçiligi astyndaky ara zolakda duşuşdy.
Duşuşyga BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça ýörite wekili Espen Bart Aýde bilen gepleşikleri alyp baryjylar Ödil Nami we Andreas Mawroýannis hem gatnaşdy.
13-nji maýda ýaňadandan başlan gepleşiklerde ozal ylalaşyk gazanylan ugurlar ýaňadandan gözden geçirildi we ylalaşyk gazanylmadyk ugurlar hem resmileşdirildi.
Şu günki gepleşikde liderler dolanşyk we ygtyýarlyklaryň paýlaşylmagy, ÝB, toprak, mülk we ilat ýaly meseleleri seljerýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar