Berdimuhamedow Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministrini kabul etdi

323602
Berdimuhamedow Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi

Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düýn Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Daýşiro Ýamagiwa bilen duşuşyk geçirdi. Ol Aşgabatda geçiriljek türkmen-ýapon işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň uly wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi.

Duşuşyk ikiçäk görnüşde başlandy.

Myhman ikiçäk söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň gyzyklandyrýan käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň adyndan salam aýdyp, iň oňat arzuwlaryny beýan etdi hem-de milli Liderimizi Türkmenabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gabatlanan Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen gutlady.

Jenap Daýşiro Ýamagiwanyň belleýşi ýaly, baýramçylyk dabaralaryna çagyrylmak we bu beýik şatlygy doganlyk türkmen halky bilen paýlaşmak onuň üçin uly hormatdyr. Türkmen halky ata-babalaryň gadymy milli däplerini we baý ruhy mirasyny hormatlamagy bilen ýapon halkyna ýakyndyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýapon wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň üsti bilen Ýaponiýanyň ýokary ýolbaşçylaryna özüniň iň oňat arzuwlaryny aýtdy hem-de Türkmenistanyň häzirki wagtda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge hem-de olary özara bähbitlere laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga bolan meýlini tassyklady.

--Men özümiň Ýaponiýa bolan resmi saparymy aýratyn mähir bilen ýatlaýaryn--diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi hem-de Tokioda ýokary derejede geçirilen netijeli gepleşikleriň soňky ýyllarda barha ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynda täze tapgyryň başyny alamatlandyrandygyny kanagatlanma bilen nygtady.

--Türkmenistan hem-de Ýaponiýa bu gün uzak geljege niýetlenen strategiki hyzmatdaşlar bolup çykyş edýärler, şoňa görä-de, Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň, gürrüňsiz, wajyp ugry bolup durýar -- diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de munuň köp babatda ozaldan gelýän dostluk däpleri we ägirt uly serişde hem-de ykdysady mümkinçilik bilen berkidilen, bar bolan işewür bähbitler, şeýle hem iki ýurduň biri-biriniň üstüni ýetirýän milli ykdysadyýetleri bilen şertlenendigini belledi.

Soňra duşuşyk giňeldilen görnüşde—Ýaponiýanyň uly wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Wekiliýetiň düzümine dostlukly ýurduň döwlet we hususy ulgamynyň wekilleri girdiler.

Gyzyklanma bildirilip geçirilen ara alyp maslahatlaşmanyň barşynda uzakmöhletleýinlik we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumyna garaldy. Hususan-da, Türkmenistany mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalary we maýa goýum maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň hasabyna ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygyň geljegi has uly ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk toplumlary, saglygy goraýyş, himiýa senagaty, senagat we beýlekiler görkezildi. Şu ugurlarda özara bähbitleri peýdalanmak has netijeli görünýär. Garaşylyşy ýaly, bu ulgamlarda gatnaşyklary giňeltmek baradaky has jikme-jik gürrüňler öňde boljak işewürlik forumynyň hem-de ýurdumyzyň aýry-aýry ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ýakyn günlerde meýilleşdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň çäklerinde dowam eder.

Taraplar şeýle hem häzir ýapon kompaniýalarynyň gaz pudagyny ösdürmäge has giňden gatnaşmagy üçin hemme mümkinçilikleriň bardygyny düşünmek bilen beýan etdiler. Gaz pudagyny kämilleşdirmäge iri energetika döwleti hökmünde Türkmenistan ileri tutulýan ähmiýet berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşen Gyýanly şäherçesinde häzirki zaman gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň taslamasynyň eksport-karz agentlikleri tarapyndan maliýeleşdirilýän Ýewropanyň we Ýewraziýanyň 2014-nji ýylyň iň gowy on taslamalarynyň biri hökmünde ýakynda “TXF” /Beýik Britaniýa/ guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp bolandygy bellenildi. Şol taslamanyň maliýeleşdirilmegine Ýaponiýanyň maliýe-bank düzümleri hem gatnaşýarlar.

Ýapon öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlaryny herekete girizmegiň mümkinçiliklerini nazarda tutup, oba hojalygynda özara gatnaşyk etmegiň geljegi hem aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sebitiň ýurtlarynyň Ýaponiýa bilen hut oba hojalyk ulgamynda has ýygjam hyzmatdaşlygyny ýola goýmagynyň Türkmenistanyň esasy başlangyçlarynyň birine öwrülendigini bellemek gerek. Türkmenistan 2015-2016-njy ýyllar döwür üçin “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Gatnaşyklarynda başlyklyk ediji döwlet hökmünde saýlanyldy.

Türkmen Lideriniň döwrüň wajyp meselelerini çözmegiň has oňaýly ýollaryny tapmaga gönükdirip, öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň ählisini goldaýandyklaryny aýdyp, myhmanlar Ýaponiýanyň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin Türkmenistan bilen mundan beýläk-de bilelikde tagalla etmäge hemmetaraplaýyn taýýardygyny nygtadylar.

Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň türkmen Lideri tarapyndan alnyp barylýan döwlet ösüşiniň täzeçillik maksatnamalaryna we uly möçberli özgertmelerine ýokary baha berýändiklerini hem-de Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge gyzyklanýandyklaryny aýtdy. Ony ösdürmek üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty hem-de ýurtda döredilen, geljegi uly türkmen bazaryna mümkinçiligi uly bolan daşary ýurtly hyzmatdaşlary barha köp özüne çekýän amatly maýa goýum ýagdaýy oňat şert döredýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan tarapyndan görülýän çäreler milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginlerini diňe bir saklamaga mümkinçilik bermän, eýsem-de, ýurdy daşary ýurtly, şol sanda ýaponiýaly maýadarlar üçin has-da özüne çekiji edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýapon işewurliginiň elektroenergetika we ulag pudaklarynda täze maýa goýum taslamalaryna, hususan-da, Lebapda täze döwrebap elektrobekedini gurmak hem-de Aşgabat-Awaza ugry boýunça ýokary tizlikli demir ýoluny çekmek boýunça taslamalara gatnaşmaga taýýardygy barada yglan edildi. Munuň özi Türkmenistan tarapyndan başy başlanan we ýaýbaňlandyrylan ulag ulgamlarynyň toruny döretmek başlangyjyny göz öňünde tutanyňda örän wajypdyr. Ol diňe sebit üçin däl, eýsem, bütin dünýä üçin uly ähmiýete eýedir.

Jenap Daýşiro Ýamagiwa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine hem-de ony işjeňleşdirmegiň netijeli gurallaryny tapmaga, şol sanda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparyny döretmek başlangyjynyň, şeýle hem dürli derejedäki yzygiderli duşuşyklary we işewürlik maslahatlaryny geçirmegiň hasabyna netijeli gurallary tapmaga berýän aýratyn ünsi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Şol duşuşyklarda we işewürlik maslahatlarynda türkmen Lideriniň başyny başlan durmuşa geçirilmeginde öňdebaryjy tehnologiýalara we innowasion işläp düzmelere ileri tutulýan ähmiýet berilýän uly möçberli maksatnamalaryna we taslamalaryna ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, myhman birnäçe esasy ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça özara bähbitli nobatdaky teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga bildirilen gyzyklanma kanagatlanma bildirdi.

Ara alyp maslahatlaşmanyň çäklerinde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn senagatlaşdyrylmaga alnan ugruny hem-de şunuň bilen baglylykda, ýapon hyzmatdaşlarynyň innowasion işläp taýýarlamalaryny we tehnologiýalaryny çekmek üçin açylýan mümkinçilikleri nazarda tutup, Türkmenistanda köppudaklaýyn we köpgatly ykdysadyýeti döretmek meselelerine aýratyn üns berildi. Ýapon hyzmatdaşlarynyň ýokary hilli önümlerine bolsa, ösen ýurtlaryň ençemesinde köpden bäri uly isleg bildirilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýapon tarapynyň wajyp taslamalary, şol sanda halkara ähmiýetli taslamalary hem bilelikde durmuşa geçirmegiň hem-de maliýeleşdirmegiň hasabyna Türkmenistanyň depginli durmuş-ykdysady ösüşine goşýan uly goşandyny belläp, ýurdumyzyň ýola goýlan ykdysady we medeni aragatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi. Munuň özi iki dostlukly halkyň ýakynlaşmagyna hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň arasynda Ýaponiýanyň Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap hem-de bilelikde işlemegiň soňky ýyllarda toplanan baý tejribesini göz öňünde tutmak bilen, açylýan mümkinçiliklere oňyn baha berip, giň halkara hyzmatdaşlyga ygrarly Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk etmek hakynda, şol sanda esasy dünýä bazarlary tarapyndan bar bolan islegleri içgin öwrenmegiň hem-de ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply önümlerini döretmegiň zerurlygy bilen baglylykda, has köp talap bildirilýän ýokary hünär derejeli menejment babatda gelip gowuşýan ähli gyzykly täze tekliplere garamaga we olary düýpli öwrenmäge hemişe taýýardygyny nygtady.

Milli Liderimiz hem-de ýapon wekiliýetiniň agzalary iki ýurduň döwletara hyzmat dolanyşygynyň möçberlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga wajyp ähmiýet berýändigini belläp, ozal ýokary derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn diwersifikasiýalaşdyrmaga bolan özara goldawyň we
meýilleriň milli ykdysadyýetleri pugtalandyrmagyň, dünýäniň maliýe-ykdysady çökgünliliginiň ýaramaz netijelerine bilelikde garşy durmagyň iň oňat usuly boljakdygyna ynam bildirdiler.

Türkmen Lideri gepleşikler tamamlanandan soň, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini kabul etmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli şanly dabaralaryň çäklerinde geçiriljek halkara maslahatyna gatnaşmaga çakylygy gowşurdy, şeýle hem hyzmatdaş ýurtlaryň milli bähbitlerine bütinleý laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamaga hyzmat etmäge gönükdirilen bilelikdäki işewürlik forumynyň çäklerinde geçiriljek işewür gepleşiklere üstünlikler arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhmanlar birek-birege ýagşy arzuwlaryny aýdyp, iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna özara ynam bildirdiler. (TDH)


Etiketkalar:

Degişli Habarlar