Hytaýyň oraza gadagançylygyna garşylyk görkezilýär

Hytaýa musulmanlaryň hak-hukuklaryna we dini azatlyklaryna sarpa goýulmagy barada çagyryş berildi

319172
Hytaýyň oraza gadagançylygyna garşylyk görkezilýär

Hytaýyň hökümetiniň uýgur döwlet gullukçylarynyň we talyplaryň agyz beklemegini gadagan etmegine berk garşylyk görkezilýär.
Bütin dünýä Musulman alymlary bileleşigi Hytaýyň Sijan Uýgur Awtanomiýasynda agyz beklenmegini gadagan etmegine garşylyk görkezdi.
Bütin dünýä Musulman alymlary bileleşigi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, Hytaýa musulmanlaryň hak-hukuklaryna we dini azatlyklaryna sarpa goýulmagy barada çagyryş berildi.
Beýanatda Hytaýyň hökümetinden musulmanlar baradaky kararyndan ýüz öwürmegi islendi we Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy bilen birlikde beýleki halkara guramalara Hytaýdaky musulmanlary goramak üçin işe girişmekleri babatynda çagyryş berildi.
Beýanatda şeýle diýildi: “Esasan hem Sinjan Uýgur Awtanomiýasynda musulmanlara yzygiderli ýagdaýda dini we etniki taýdan zulum edilmegi halkara kadalaryna we Hytaýyň kanunlaryna bap gelmeýär. Hytaýyň hökümetiniň alyp barýan syýasaty resmi Pekin tarapyndan tassyklanan 1949-njy ýyldaky 4-nji Ženewa şertnamasyna hem tersdir. Bu hem halkara döwrebap kanunlaryň esaslaryndan biriniň basgylanýandygy hökmünde kabul edilýär”

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar