ÝB türkmen gazyna doly goldaw berýär

ÝB Komissiýasynyň Energetiýa bileleşiginiň başlyğynyn orunbasary Maros Sefkowiç türkmen tebigy gazynyň Hazar deňizinden üstaşyr Ýewropa akdyrylmagyna doly goldaw berýändiklerini aýtdy

300136
ÝB türkmen gazyna doly goldaw berýär

Sefkowiç beren beýanatynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda başdan geçirilýän Hazar deňizindäki suw giňişligi düşnüşmezliginiň türk gazynyň akdyrylmagyna päsgelçilik döretmejekdigini, tersine taslamanyň sebitde bar bolan meseleleriň çözülmegine goşant goşup biljekdigine ünsi çekdi.
Maý aýynň başynda Türkmenistanda geçirilen Türkiýäniň-Türkmenistanyň-ÝB-niň we Azerbaýjanyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen dört taraplaýyn gepleşige meňzeş duşuşyň iýul aýynyň başynda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçiriljekdigini ýatladan Sefkowiç: “Hem Türkmenistan tarapynyň, hem Azerbaýjan tarapynyň türkmen gazynyň Ýewropa Hazar deňiziniň üstaşyr Türkiýäniň içinden akdyrylmagy boýunça pikirdeşdigi mälim. Bu hyzmatdaşlyk sebitdäki şertleri hasam amatly ýagdaýa getirer. ÝB hem muňa goldaw berýär” diýdi.
Sefkowiç Russiýa bilen bolan gatnaşyklar barada-da durup geçip, “Russiýa üçin gazyň bazaryny giňeltmek nähili möhüm bolsa, ÝB üçin hem energiýa serişdeleriniň üpjünçiligini giňeltmek şonça möhüm, şol çäkde Russiýa bilen gatnaşyklarymyz kadaly we aç-açan” diýip, nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar