Kipr gepleşikleri dowam edýär

Mustafa Akynjy bilen Nikos Anastasiadis araçäk zolakda duşuşdy

295324
Kipr gepleşikleri dowam edýär

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Mustafa Akynjy bilen Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis araçäk zolakda duşuşdy.
BMG-nyň baş sekretarynyň Kipr boýunça ýörite wekili Espen Bart Aýdeniň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilýän gepleşikler ýerli wagt bilen sagat 9:30-da başlady.
Gepleşiklere Mustafa Akynjy we Nikos Anastasiadis bilen birlikde gepleşikleri alyp baryjylar Özdil Nami bilen Andreas Mawroýannis hem gatnaşýar.
15-nji maýda ýaňadandan başlan gepleşiklerde liderleriň aýda iki gezek duşuşmagy barada karar kabul edilipdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar