Memmedýarow bilen Lawrow Daglyk Garabag barada pikir alyşdy

Memmedýarow resmi sapar bilen Moskwa bardy

288702
Memmedýarow bilen Lawrow Daglyk Garabag barada pikir alyşdy

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Elmar Memmedýarow bilen Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Daglyk Garabag meselesi barada pikir alyşdy.
Moskwada bolan duşuşykdan soň metbugata beýanat beren iki kärdeş iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejelidigini belledi.
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Russiýanyň Daglyk Garabag meselesine uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Lawrow meseläniň iki ýurduň arasynda Ýewropada Howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Minsk toparynyň çäginde geçirilýän gepleşikler arkaly çözülmelidigini aýtdy.
Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Elmar Memmedýarow bolsa Daglyk Garabag meselesi barada giňişleýin pikir alyşandyklaryny belledi.
Memmedýarow Hazar deňziniň statusy meselesinde umuman alnanda şol bir garaýşa eýediklerini aýtdy.
Russiýanyň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2015-2016-njy ýyllary öz içine alýan hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar