Azerbaýjan finala çykdy

Azerbaýjan Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginde Elnur Hüseýnow bilen finala çykdy

285451
Azerbaýjan finala çykdy

Awstriýanyň paýtagty Wenada geçirilýän “Ýewrowideniýe 2015” aýdym-saz bäsleşiginiň ýarym finalynda “Hour of the Wolf” atly aýdymy ýerine ýetiren Elnur Hüseýnow finala çykdy.

17 ýurt finala çykmak üçin özara bäsleşen hem bolsa, Hüseýnow sahna çykanda joşgunly garşylandy.

Elnur Hüseýnow Azerbaýjanyň adyndan Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginiň 23-nji maýda Wenada geçiriljek finalynda çykyş eder.

Azerbaýjan 27 ýurduň gatnaşjak final bäsleşiginde 24-nji bolup çykyş eder.

Türkiýe ses berme ulgamyna närazylyk bildirendigi üçin Ýewrowideniýe bäsleşigine 2012-nji ýyldan bäri gatnaşanok.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar