Daşkentde TİKA-nyň goldawy bilen Gematologiýa maslahaty guraldy

Maslahata gatnaşan Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Hakky Ýeşilýurt paýtagt Daşkent Süňk ýiliginiň transplantasiýa merkezine baryp gördi

284495
Daşkentde TİKA-nyň goldawy bilen Gematologiýa maslahaty guraldy

Özbegistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Gematologiýa we gan transplantasiýa ylmy barlaglar instituty bilen gol çekişilen teswirnama laýyklykda 2008-nji ýylda açylan Süňk ýiliginiň transplantasiýa merkezi üçin TİKA şu günki güne çenli 1,5 million dollarlyk medisina enjamlaryny we gurallaryny berdi.
Merkezde işleýän 30 işgärleri Türkiýäniň belli medisina merkezlerinde tälim aldylar. Merkeze we laboratoriýa baryp gören Hakky Ýeşilýurt ýolbaşçylardan maglumat aldy.
Ýeşilýurt merkeziň dünýä ülňülerine laýyk iş alyp barýandygyny nygtady.
Wekiliýetiň düzüminde orun alan Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň rektory professor doktor Metin Dogan bolsa Süňk ýiliginiň transplantasiýa merkezinde Moskwadan Seula çenli bolan sebitde bolmadyk toplumlaýyn genetika we rak diagnoz hem-de bejeriş laboratoriýasynyň bardygyny aýtdy.
Merkeze baryp gören wekiliýet, bejergi alýan hassalar bilen söhbetdeş boldular.
Ýaşuly hassalardan biri merkeze berýän goldawy üçin Türkiýä sagbolsun aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar