Özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ýoly bilen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sloweniýa Respublikasyna resmi sapary başlanýar

272088
Özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ýoly bilen

Lýublýanda geçiriljek ýokary derejedäki türkmen-slowen duşuşygy iki dostlukly ýurduň milli bähbitlerini we döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň ugrunda möhüm ädim bolar.

Türkmenistanyň we Sloweniýa Respublikasynyň Liderleriniň has ýygjamlaşan gatnaşyklary iki dostlukly ýurduň deňhukuklylyk, ynanyşmak esasynda guralýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge bolan özara gyzyklanmany tassyklaýar.

Geçen ýylyň iýulynda Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Borut Pahoryň Türkmenistana bolan resmi sapary türkmen-slowen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn itergi berdi.

Aşgabat duşuşygy dünýäde howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ymtylýan iki döwletiň gatnaşyklarynyň taryhyndaky hil taýdan täze tapgyr üçin başlangyç nokada öwrüldi.

Şeýlelikde, ozal anyk ylalaşyklar bilen berkidilen uzakmöhletleýin netijeli gatnaşyklaryň özara ugur edinilmegi türkmen-slowen hyzmatdaşlygyny ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara guramalarynyň we abraýly düzümleriniň çäklerinde diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge kuwwatly itergi berer.

Şunuň bilen baglylykda, 2004-nji ýylyň maýyndan bäri Ýewropa Bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan Sloweniýa Respublikasynyň ýokary ýolbaşçylygy bilen gepleşiklere Türkmenistanyň ÝB bilen gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin itergi hökmünde garamak bolar. Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk bolsa Türkmen döwletiniň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Borut Pahoryň bu gezekki duşuşygynyň gün tertibine özara gyzyklanma döredýän ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesinde döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegine degişli meseleler giriziler. Hususan-da, taraplar bar bolan uly serişdeler we ykdysady kuwwaty doly açmaga gönükdirilen täze möhüm bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýarlar. Şol mümkinçilikleriň amala aşyrylmagy bolsa Türkmenistanyň we Sloweniýanyň ykdysady taýdan gülläp ösmegine hyzmat edip, olaryň syýasy, ykdysady we gumanitar ulgamlarda gatnaşyklarynyň gerimini ep-esli giňelder.

Ýokary derejede geçiriljek türkmen-slowen gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar. Olar iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin ygtybarly binýady goýmaga ýardam eder. Şol hyzmatdaşlyk bolsa özara gyzyklanmany we netijeli hyzmatdaşlygyň ugur edinilmegini nazara almak bilen guralýar. (TDH)


Etiketkalar:

Degişli Habarlar