Gyrgyz Respublikasynda şäriklik hökümeti kasam etdi

Şäriklik hökümeti Mejlisdäki 120 halk deputatyndan 97-siniň ynam sesini aldy

264274
Gyrgyz Respublikasynda şäriklik hökümeti kasam etdi

Gyrgyz Respublikasynda Temir Sariýewiň ýolbaşçylygynda gurlan şäriklik hökümeti kasam edip wezipesine başlady.
Mejlisdäki 120 halk deputatyndan 97-siniň ynam sesini alan Ministrler kabinetiniň agzalary Prezident Almazbek Atambaýewiň gatnaşmagynda Mejlisiň Baş Asambleýasynda geçirlen dabarada kasam etdi.
Premýer ministr Sariýew, Wise-premýerler we ministrler bilen birlikde Prezident tarapyndan bellenen Milli howpsyzlyk gullugynyň başlygy Busumankul Tabaldiýew hem kasam edip wezipesine başlady.
Premýer ministr Sariýew Sosial demokrat partiýasy, Sosýalist Ata meken we Ar namys partiýasy tarapyndan gurlan şäriklik hökümetiniň iş meýilnamasyny üýtgetmedi.
Gyrgyz Respublikasynda 2014-nji ýylyň 4-nji aprelinde gurlan şäriklik hökümetiniň ýolbaşçysy Premýer ministr Joomart Otorbaýew mejlisiň “ykdysady kynçylyklary we kanadalylar tarapyndan gönükdirilýän Kumtor altyn magdan firmasy bilen baglanşykly kynçylyklar baradaky” tankydy bellikleri sebäpli 23-nji aprelde wezipesinden çekilipdi.
Prezident Atambaýewiň Otorbaýewiň arzasyny kabul etmegi bilen Gyrgyz Respublikasynda 2010-njy ýyldaky halk agdarlyşygyndan soň 3-nji gezek gurlan şäriklik hökümetiniň wezipesinden çekilmegi bilen Parlament, Premýer ministr hökmünde 30-njy aprelde ozalky ministr Sariýewi saýlapdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar