Akynjy ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä gurar

Mustafa Akynjy DKTR-nyň 4-nji Prezidenti hökmünde kasam edip wezipesine başlady

257862
Akynjy ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä gurar

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň täze Prezidenti Mustafa Akynjy ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä gurar.
Akynjy saparyny 11-nji maýda başlaýan hepdäniň dowamynda gurap biljekdigini aýtdy.
Mustafa Akynjy DKTR-nyň 4-nji Prezidenti hökmünde kasam edip wezipesine başlady.
Beýleki tarapdan BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça ýörite wekili Espen Bart Aýde 4-nji maýda ada gider.
Aýdeniň 4 günüň dowamynda iki jemgyýetiň liderleri bilen geçirjek gepleşiklerinden soň saklanan Kipr gepleşikleriniň başlajak wagtynyň anyk beýan edilmegine garaşylýar.
DKTR-nyň Prezidenti Akynjy hem Aýdeniň ada gurajak saparyndan soň ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä gurar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar