Gazagystanda Prezident saýlawlary geçirilýär

Gazagystanyň halky täze prezindetini saýlamak üçin ses berýär

250908
Gazagystanda Prezident saýlawlary geçirilýär

Gazagystanda prezident saýlawlarynda 9.5 million saýlawçy ses berip, olar 3 dalaşgäriň birini saýlarlar.

Ýurduň häzirki Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew iň güýçli dalaşgär hökmünde görülýär. Prezident saýlawlarynda şeýle hem Komunista partiýasyndan Turgun Syzdykow we 2009-2011-nji ýyllar aralygynda Aragatnaşyk ministri wezipesinde işlän Abelgazi Kusainow hem dalaşgärdir.

Saýlaw komissiýasynyň ilkini netijeleri ertir beýan ediler. Dalaşgärleriň sesleriň 50 göterimden köpüsini alyp bilmän ýagdaýynda saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriler.

Ýewropanyň Howpsyzlyk we işdeşlik guramasyna (AGİT) degişli Demokratik guramalar we adam hukuklary edarasyndan(ODIHR) 400 synçy 15 aýry ýerde saýlawlara gözegçilik eder.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar