Gyrgyzystanyň Premýer ministri Jomart Otorbaýew işden çykdy

Otorbaýew: “Hökümet silkinip, özüne gelmegi üçin işimden çykýaryn”diýdi

247388
Gyrgyzystanyň Premýer ministri Jomart Otorbaýew işden çykdy

Ministrler kabinetiniň mejlisinde hökümetiň 2014-nji ýyldaky işleriniň tassyklanandygyna garamazdan işden çykandygyny beýan etdi.

Premýer ministr Jomart Otorbaýew hökümetiň işi mejlisde tassyklananyndan soň çykyş etdi.

Otorbaýew: “Kararyňyz üçin minnetdarlygymy bildirýärin. Demokratik ýurtda hökümet monopoliýa bolmaly däl. Hökümetiň işlerini bir adam ýerine ýetirmeli däl. Gyrgyzystanyň hökümeti silkinip, özüne gelmegi üçin işimden çykýaryn”diýip nygtady.

Koalisiýa partiýasyndan ýagny Ata Meken partiýasyndan Premýer ministrlige saýlanan Otorbaýew, Jantöre Satybaldyýewyň 2014-nji ýylyň 4-nji aprelinde wezipesinden boşadylmagyndan Premýer ministrlige bellenipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar