ATR ýaýlymlaryny bes etmäge mejbur boldy

Krym Tatar telewideniýesi ATR ýaýlymlaryny bes etmäge mejbur boldy

290845
ATR ýaýlymlaryny bes etmäge mejbur boldy

Krym Tatar telewideniýesi ATR Russiýanyň Gözegçilik geňeşinden ýaýlymlaryny dowam etdirmek barada rugsatnama alyp bilmändigi sebäpli ýaýlymlaryny bes etmäge mejbur boldy.
ATR telewideniýesi bilen birlikde Lale çagalar kanaly, Meýdan radiosy we “15 minut” atly habar kanaly hem düýn gije ýaýlymlaryny bes etdi.
Telewideniýe kanalynyň eýesi Lenus Islamow kanalyň satylmagy baradaky teklipleri kabul etmändigini aýtdy.
Islamow “Biz bu topragyň eýesi. Biziň öz topraklarymyzda milli bähbitlerimizi gorap saklamagymyz gerek we bu tutumymyzdan asla ýüz öwürmeris” diýdi.
Krymyň geçen ýyl Russiýa tarapyndan anneksirlenmeginden soň ATR telewideniýesi Russiýanyň Gözegçilik geňeşi tarapyndan bellige alynmagy üçin 4 gezek ýüz tutdy.
3 gezek ret jogabyny alan kanalyň soňky ýüz tutmasyna bolsa jogap berilmedi
Ýaýlymlaryna 2006-njy ýylda başlan ilkinji garaşsyz Krym Tatar telewideniýe kanaly bolan ATR tatar, rus we ukrain dillerinde ýaýlym berýärdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar