Aşgabatda Eýran harytlarynyň sergisi açyldy

Sergä 100-e ýakyn Eýran firmasydyr kompaniýasy gatnaşýar

237456
Aşgabatda  Eýran  harytlarynyň sergisi  açyldy

Paýtagtyñ Sergi Köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyñ harytlarynyñ Х- ýörüteleşdirilen sergisi açyldy.
Türkmenistanyñ Söwda-senagat edarasynyñ guramagynda açylan sergä 100-e ýakyn Eýran firmasydyr kompaniýasy gatnaşyp, onda senagat, gurluşyk, himiýa, dokma, hojalyk harytlary görkezilýär.
Sergide Eýran we Türkmen sungat ussatlarynyñ çykyşlary hem guralypdyr.
Sergi iki goñşy döwlet bolan Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyñ arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyñ ösdürilmegine özboluşly goşant bolar.
Eýran harytlarynyñ Х- ýörüteleşdirilen sergisi üç günläp dowam eder.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar