Nihat Zeýbekçi Bakuwda saparda boldy

Zeýbekçi söwda mukdaryny15 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini aýtdy

212499
Nihat Zeýbekçi Bakuwda saparda boldy

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçi Bakuwda saparda boldy.
Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçi Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwa guraýan resmi saparynyň çäginde ilki Azerbaýjanyň merhum Prezidenti Haýdar Aliýewiň ýadigärlik gubyryna, Şehitler ýadigärligine we Türk şehitligine baryp gördi.
Zeýbekçi soň bolsa Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew tarapyndan kabul edildi we Ykdysadyýet we senagat ministri Şahin Mustafaýew bilen duşuşdy.
Duşuşyklarda Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaki gatnaşyklar we ykdysady taýdan birlikde durmuşa geçiriljek taslamalar seljerildi.
Zeýbekçi Azerbaýjanyň bilen Türkiýäniň arasyndaky 5 milliard dollarlyk söwda mukdaryny15 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini aýtdy.
Azerbaýjanyň Ykdysadyýet we senagat ministri Şahin Mustafaýew hem Türkiýe bilen edilýän gatnaşyklaryň pugtalanjakdygyna ynanýandygyny belledi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar