Rus polisi Krym Tatar telewideniýe kanalyna operasiýa gurady

ATR derňew işiniň çäginde barlandy

198273
Rus polisi Krym Tatar telewideniýe kanalyna operasiýa gurady

ATR telewideniýe kanalynyň Baş müdüri Elzara İslamowa telewideniýäniň geçen ýylyň 26-njy fewralynda geçirlen mitingde 2 adamyň ýogalmagy wakasy bilen baglanşykly gozgalan derňew işiniň çäginde barlanandygyny aýtdy.
İslamowa kanalyň elinde wideo-sýužetleriň bardygynyň öňe sürülýändigini emma ähli resminamalaryň kaziýete berlendigini nygtady.
Polis İslamowanyň žurnalistlere giňişleýin maglumat bermegine rugsat bermedi.
Krym tararlary 2014-nji ýylyň 26-njy fewralynda Krymyň Russiýa birleşmegine garşy parlamentiň öňünde miting geçiripdi.
Russiýanyň tarapdarlary hem şol ýerde Russiýa we referenduma goldaw berýän berýän miting geçiripdi
Mitingde 2 adam ýogalypdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar