Krym tatarlaryna basyşlar dowam edýär

Krymdan Ukraina gitmek isläm Krym tatar halkynyň hukuklaryny goraýyş toparynyň utgaşdyryjylary Abmejit Süleýmanow, Eskender Bariýew we Sinawer Kadyrow Krymyň serhet gözegçilik nokadyndan saklandy

196166
Krym tatarlaryna basyşlar dowam edýär

Ukrainanyň Herson şäherinden saglyklaryny bejertmek üçin Stambula gitmegi meýilleşdiren şol adamlaryň rus serhet goragçylary tarapyndan saklanandygy we serhetde 7 sagat garaşdyrylandygy habar berildi.
Eskender Bariýew we Abmejit Süleýmanow 7 sagatdan soň boşadyldy, Sinawer Kadyrow bolsa Ermenipazar şäher kazyýetini alynyp gidildi.
Kazyýet Kadyrowyň Russiýanyň Migrasiýa düzgünini bozandygynyň öňe sürüp, 2 müň rubl jeza bermek we ýurtdan çykarmak barada höküm çykardy.
Kazyýetde rus pasportyny almagy kabul etmedik we Ukrainanyň raýaty bolan Kadyrowyň Russiýada daşary ýurtlularyň yzgiderli ýaşamak möhleti bolan 90 günlük möhleti geçendigi öňe sürüldi.
Emma Kadyrowyň dekabr aýynda Krymdan çykandygy, soň ýaňadandan yzyna gelendigi habar berilýär.
Kadyrow kazyýetiň kararyna närazylyk bildirjekdigini aýtdy.
Sinawer Kadyrow hökümetiň Krymdan sürgün eden 4-nji adamy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar