Birdenkä uka batýarlar we birnäçe günläp uklaýarlar

Gazagystanyň obalaryndan birindäki uky hassalygy syrly bolmagynda galýar

191308
Birdenkä uka batýarlar we birnäçe günläp uklaýarlar

Gazagystanyň Akmola welaýatynyň Kalaçi obasy iki ýyldan bäri uky hassalygy bilen göreşýär.
Obanyň 126 ýaşaýjysynda şol syrly hassalygyň bardygy anyklandy.
Hassalar özlerini birdenkä ukyly ýaly duýýandyklaryny we birnäçe günläp uklaýandyklaryny aýdýarlar.
Näme bolandygy ýadyna düşmeýän hassalar gözlerini hassahanada açýarlar.
Hassalaryň hyýal görýändikleri we gan basyşlarynyň ýokarydygy beýan edilýär.
Ýerli lukmanlar uky hassalygynyň sebäbini anyklap bilmediler.
Obanyň ýaşaýjylary hassalygyň golaýdaky uran magdany käni bilen bagly bolup biljekdigini pikir edýär.
Oba baran hünärmenler adatdan daşary radiasiýa gabat gelmediler.
Şeýle-de suwdan we toprakdan alynan nusgalar hem agyr metalyň ýa-da duzuň adaty derejesinden aşakdadygyny görkezýär.
Hassalyga sezewar bolanlaryň sanynyň artmaga başlagy sebäpli ýerli ýolbaşçylar obalylary başga ýere göçürmäge başlady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar