Aliýew täze ýylda ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä gurady

Saparynyň çäginde Prezident Erdoganyň strategik göçümi esasy orun eýeledi

187236
Aliýew täze ýylda ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä gurady

Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew täze ýylda ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä gurady.
Aliýewiň saparynyň çäginde Prezident R. T. Erdoganyň strategik göçümi esasy orun eýeledi.
Erdogan ilki Türkiýäniň Ýokary Garabag meselesinde Azerbaýjana güýçli goldaw berýändigini tekrarlady soň bolsa kärdeşi Aliýewi 24-nji aprelde Dardanel urşunyň 100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere çagyrdy.
Prezident Erdoganyň bu diplomatik göçümi 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalaryň 100 ýylygyna gabat gelmegi taýdan esasy ýüzlenme hökmünde görülýär.
Türkiýe-Azerbaýjan Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 4-nji maslahaty iki lideriň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi.
Maslahatyň jemleýji jarnamasyna hem iki lider gol goýdy.
Mundan başgada iki ýurduň arasynda Gümrükde bilelikdäki komitetiň döredilmegi bilen haram pulyň aklanmagy, terrorçylylara maliýe taýdan goldaw berýänler barada maglumat açyş-çalşygynyň ýola goýulmagy meselesinde ylalaşyk gazanyldy.
Beýleki tarapdan Azerbaýjan Türkiýäniň ýer eýeçiliginde geçiriljek G-20 maslahatyna myhman ýurt hökmünde çagyryldy.
Prezident R. T. Erdogan “G-20 maslahatyna Azerbaýjan biziň myhmanymyz hökmünde gatnaşar” diýdi.
Prezident Erdogan Azerbaýjanyň gazyny Ýewropa ýetirjek TANAP taslamasy barada hem “TANAP-yň durmuşa geçirilmegi bilen Azerbaýjan bilen birlikde Türkiýe hem strategiýa taýdan uly ähmiýet gazanar.2015-nji ýylda bu meselä uly ähmiýet berilmeli” diýip belledi.
Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew hem Türkiýäniň strategik göçüminden hoşaldyklaryny aýtdy.
Prezident Erdogan myhman kärdeşi İlham Aliýewiň hormatyna günorta naharyny berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar