Özbegistanda geçirlen saýlawlaryň netijeleri beýan edildi

Liberal Demokrat partiýasy 52 halk deputaty bilen mejlisde iň köp kürsä eýe bolan partiýa boldy.

173736
Özbegistanda geçirlen saýlawlaryň netijeleri beýan edildi

Özbegistanda geçirlen umumy saýlawlaryň netijeleri beýan edildi.
Saýlawyň netijelerine görä Liberal Demokrat partiýasy 52 halk deputaty bilen mejlisde iň köp kürsä eýe bolan partiýa boldy.
Milli galkynyş partiýasy bolsa mejlisde 36 halk deputaty bilen wekilçilik eder.
Halk demokratiýa partiýasy 27, Adalat we sosial demokratiýa partiýa bolsa mejlisde 16 halk deputaty bilen wekilçilik etmäge hukuk gazandy.
Saýlanan 135 halk deputatyndan 24-i zenan.
Mejlisiň 150 agzasyndan 15-i hem Ekologiýa hereketi tarapyndan saýlanar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar