Özbegistanda 29-njy martda prezident saýlawy geçirler

Prezident saýlawy 2015-nji ýylyň 29-njy martynda geçirler

161542
Özbegistanda 29-njy martda prezident saýlawy geçirler

Özbegistanda 29-njy martda prezident saýlawy geçirler.
Özbegistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy Prezident saýlawynyň 2015-nji ýylyň 29-njy martynda geçiriljekdigini beýan etdi.
Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Mirza Ulugbek Abduselamow şu gün metbugata beren beýanatynda saýlaw kampaniýasynyň şu gün başlandygyny aýtdy.
Abduselamow saýlawlara taýarlyk işleriniň aç-açan ýagdaýda ýurduň konstitutsiýasyna we saýlaw kanunlaryna laýlyklyk alnyp baryljakdygyny nygtady.
Özbegistanda 2007-nji ýylyň 23-nji dekabrynda geçirlen soňky prezident saýlawynda parlamentde esasy köplüge eýe bolan Özbegistan Liberal demokrat partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen İslam Kerimow üstünlik gazanypdy.
Kerimow sesleriň 88,1 göterimini almagy başarypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar