Parahatçylyk döredijilik we ählumumy ösüş syýasatynyň şanyna

Türkmenistanda ajaýyp ählihalk baýramy – Bitaraplyk güni bellenilip geçilýär

147002
Parahatçylyk döredijilik we ählumumy ösüş syýasatynyň şanyna

Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanda ajaýyp ählihalk baýramy – Bitaraplyk güni bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk türkmen halkynyň özüniň tutuş taryhynyň dowamynda eýerýän parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmasynyň aýdyň alamatyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik bitaraplyk Türkmenistanyň halkyna Gutlagynda bellenilişi ýaly, bu “Baýramçylyk döwlet we halkara ähmiýetine eýedir. Berkarar döwletimiziň Bitaraplygy – ata Watanymyzyň bütin dünýädäki abraý-mertebesidir, merdana halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň aýdyň ýüze çykmasydyr. Şoňa gärä-de, hemişelik Bitaraplygymyzyň 19 ýyllygyna bagyşlanan hem-de eziz Watanymyzyň üstünliklerini, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny alamatlandyrýan buýsandyryjy baýramçylyk dabaralary agzybir jemgyýetimiziň bitewüligini has-da pugtalandyrmaga ýardam berýär”.

Köp ýyllardan bäri gelýän däbe görä, baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül desselerini goýmakdan başlandy.

Türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjekleriniň birinde, Köpetdagyň eteginde belende galýan ýadygärligiň öňüne irden Mejlisiň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň we diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar hem-de köpsanly aşgabatlylar ýygnandylar.

Däp bolşy ýaly, hormatly myhmanlar hökmünde dabara gatnaşmaga Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular çagyryldy.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. (???) Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň berkararlygynyň, onuň parahatçylyk, hoşniýetlilik we döredijilik ýörelgelerine ygrarlylygynyň aýdyň nyşanyna öwrülen binanyň etegine gül desselerini goýýarlar.

Garaşsyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji bitarap döwlet bolandygyny nazara alsaň, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry, gürrüňsiz, dünýäniň iň häzirki zaman taryhynyň hem-de dünýä diplomatiýasynyň iňňän wajyp seneleriniň biridir.

Türkmen döwletine täsin halkara-hukuk derejesiniň – hemişelik bitaraplygyň berilmegi halkara jemgyýetçiliginiň ýurdumyzyň durmuşa geçirýän oňyn parahatçylyk söýüjilik syýasatyna berlen ýokary bahadyr we uly abraýdyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 19 ýyl mundan ozal kabul edilen taryhy Rezolýusiýasynda berkidilen bitaraplyk derejesi Türkmenistana häzirki döwrüň wajyp meselelerini – ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerini çözmäge gönükdirilen parahatçylyk döredijilik syýasatyny işjeň wagyz ediji we ruhlandyryjy hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasat ugry, türkmen Lideriniň dünýäniň abraýly forumlarynyň münberlerinden öňe sürýän, döwrüň talabyna laýyk gelýän parahatçylyk döredijilik başlangyçlary bütin dünýäde barha giň goldawa mynasyp bolup, tutuş adamzadyň bähbitlerine doly laýyk gelýän netijeli halkara gatnaşyklary üçin esas bolup durýar. Galyberse-de, hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagy ýurdumyza ykdysady rowaçlygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gitmäge mümkinçilik berip, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň özboluşly kepiline öwrüldi.

Türkmenistan özüniň parahatçylyk döredijilikli kuwwatyndan has doly we netijeli peýdalanmaga çalşyp, ýurdumyzyň mundan beýläk hem durnukly ösüşiň sebit we ählumumy işlerine, Müňýyllygyň maksatlaryna ýetmäge, halkara gün tertibiniň gaýragoýulmasyz meselelerini çözmek üçin köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli nusgalaryny döretmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklaýan täze pikirleriň we teklipleriň başyny başlaýjy bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň 2015-nji ýyly Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýip yglan etmegi şeýle başlangyçlaryň biridir. Onuň çäklerinde köpsanly çäreleri, şol sanda halkara ähmiýetli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň, ýurdumyzyň diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlarynyň we beýleki ýolbaşçylarynyň çagyrylan giňişleýin mejlisinde bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň hemişelik bitaraplygynyň ähmiýetini giňden wagyz etmek boýunça wezipeleri goýdy.
Onuň ýörelgeleri halkara syýasatynyň, durnukly ösüşi üpjün etmegi wajyp we oňyn şertine öwrülýär. “Asudalygy goramagyň we özara düşünişmegiň, dünýäde döreýän ähli halkara meselelerini parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çömegiň netijeli guraly hökmünde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bütin dünýä ýaýmalydyrlar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Özüniň bitaraplyk derejesinden ugur almak bilen, Türkmenistanyň şu ýyllaryň dowamynda dünýäniň beýleki ýurtlary, iri halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýandygyny bellemelidiris. Özi-de, bu köp ugurly hyzmatdaşlygyň çägi yzygiderli giňelip, syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasynyň töwereginde köpsanly baýdak sütünleriniň ornaşdyrylmagy hem tötänden däldir. Baýramçylyk günlerinde we şanly senelerde şol sütünlerde Birleşen Milletler Guramasyna agza bolan ýurtlaryň baýdaklary parlaýar.

Şu gün agşam Bitaraplyk binasynyň ýanyndaky meýdança örän köp adam ýygnandy. Bu meýdança ýene-de baýramçylyk mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň kabul edilmeginiň 19 ýyllygynyň şanyna bu ýerde medenýiet we sungat ussatlarynyň, meşhur estrada artistleriniň we ýurdumyzyň iň gowy döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda uly konsert boldy. Olar Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan ajaýyp üstünliklerini ruhubelentlik bilen wasp etdiler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar