Garabag meselesi esasy orun eýelemäge dowam edýär

1918-nji ýyldaky toslama ermeni garaýyşlary temaly konferensiýa geçirildi

194644
Garabag meselesi esasy orun eýelemäge dowam edýär

Garabag meselesi Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda esasy orun eýelemäge dowam edýär.
Bakuwda Daglyk Garabag meselesi we 1918-nji ýyldaky toslama ermeni garaýyşlary temaly konferensiýa geçirildi.
“Ermenistan-Azerbaýjan, Daglyk Garabag meselesi:Dünýa hakykatlary bilmelidir”temaly konferensiýada Daglyk Garabagda başdan geçirlen wakalar we Hojaly gyrgynçylygy bilen baglanşykly maglumat berildi we toslama ermeni garaýyşlaryna garşy hakykatlaryň dünýä ýurtlarynyň bilmelidiginiň ähmiýetine üns çekildi.
Konferensiýada garaşsyzlykdan bäri ermeniler tarapyndan Azerbaýjanda 373 terrorçylykly hüjüm guraldy.
Azerbaýjanly müňlerçe adamyň ýogalandygy sebäpli Hojalyda başdan geçirlenleriň gyrgynçylykdygy nygtaldy.
Ermeniler tarapyndan türklere garşy edilen gyrgynçylyklaryň dünýä ýurtlary tarapyndan bilinmegi üçin türk dünýäsiniň birlikde hereket etmelidigi aýratyn bellenildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar